2025-nji ýylda Hytaýyň demir ýol ulgamyna 900 mlrd ýuandan gowrak maýa goýuldy

Ýanwar 05, 2026 | 19:42 |70
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň demir ýol ulgamyna goýlan esasy maýa goýumlaryň möçberi 2025-nji ýylda 901 milliard 500 million ýuana (ýagny 128 milliard 300 million ABŞ dollaryna) barabar boldy. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 6 göterim artdy diýip, ýurduň milli demir ýol ulgamyny dolandyryjy edarasy hepdäniň ýekşenbe güni habar berdi.

2025-nji ýylda Hytaýyň milli demir ýol ulgamyny dolandyryjy edarasy tarapyndan sekiz sany täze demir ýol taslamasynyň gurluşygy başlandy, birnäçe iri taslamalaryň gurluşygy tizleşdirildi hem-de 25 sany demir ýol gatnaw ugurlary ulanyşa girizildi. Şeýle hem geçen ýylyň dowamynda umumy uzynlygy 3 müň 109 kilometre barabar bolan täze demir ýol gatnaw ugurlary işe girizildi. Olaryň 2 müň 862 kilometri ýokary tizlikli demir ýollarydyr.

2025-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaýda demir ýol ulgamynyň umumy uzynlygy 165 müň kilometre ýetdi, ýokary tizlikli demir ýol ugurlarynyň uzynlygy bolsa 50 müň kilometrden geçdi.

Hytaýyň milli demir ýol ulgamyny dolandyryjy edarasynyň beren maglumatyna görä, 2026-njy ýylda ýurt möçberinde uly ähmiýeti bolan milli taslamalaryň gurluşygy dowam etdiriler we 2 müň kilometrden gowrak täze demir ýol ugurlary ulanyşa giriziler.

Beýleki habarlar