Täze ýylyň başynda Şanhaýda syýahatçylyk bat alýar

Hytaýyň gündogaryndaky Şanhaý şäherinde Täze ýyl baýramçylygy günlerinde, ýagny hepdäniň penşenbe gününden şenbe güni aralygynda syýahatçylyk boýunça sarp edijiligiň möçberi 12 milliard 270 million ýuandan (ýagny 1 milliard 800 million ABŞ dollaryndan) geçdi. Muňa şäheriň syýahatçylary özüne çekmek maksady bilen gurnan dürli gyzyklandyryjy çäreleri oňyn täsir etdi.
Täze ýyl baýramçylyk günlerinde Şanhaý şäherinde 130-dan gowrak medeni we syýahatçylyk çäreleri geçirildi, şeýle hem syýahat etmek maksady bilen 120-den gowrak ugurlara gatnawlar gurnaldy.
Baýramçylyk çäreleriniň arasynda – hepdäniň penşenbe güni bir müň töweregi adamyň gatnaşmagynda Şanhaýyň meşhur “Gündogaryň Düri” atly diňine ylgap çykmak boýunça ýaryş geçirildi we bu ýaryş bu ýere gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.
Üç gün dowam eden baýramçylyk günlerinde Şanhaý şäherine 6 million 820 müňden gowrak syýahatçy geldi.







