Gonkongyň maliýe ministri 2025-nji ýylda maýadarlaryň ynamynyň artandygyny belledi

“Gonkong Biržasynda hasapda durup, paýnamalaryny satuwa çykaran (IPO) kompaniýalaryň 2025-nji ýyldaky oňyn görkezijileri, Gonkongyň ykdysadyýetiniň işjeňligini we oňa maýadarlaryň berk ynamynyň bardygyny subut edýändir” diýip, Gonkongyň maliýe ministri Pol Çan Mo-po aýtdy.
Gonkong 2025-nji ýylda ilkinji gezek, dünýä boýunça Biržada geleşikleri geçirýän kompaniýalaryň bazarynda öňdebaryjylarynyň hataryna goşuldy. 2025-nji ýylda jemi 280 milliardan gowrak Gonkong dollaryna (36 milliard ABŞ dollaryna) barabar möçberde geleşikler hasaba alnyp, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 224 göterim artdy.
Geçen ýylda Gonkong Biržasynda geleşikleri geçirýän kompaniýalaryň bazarynda 110-dan gowrak täze kompaniýalaryň paýnamalary hasaba alyndy. Bu bolsa 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 60 göterimden gowrak ösüşi görkezýändir.
“Anyk sanlar we deliller hakykaty görkezýändir. 2025-nji ýylda Biržada geleşikleri geçirýän kompaniýalaryň möçberi boýunça biz dünýäde birinji orunda durýarys. Jemi hasaba alnan geleşikler 280 milliard Gonkong dollaryndan geçýär. 2025-nji ýylda kompaniýalaryň Gonkong Biržasyndaky geleşikleri arkaly jemlenen serişdeleriň möçberi, Nýu Ýork gazna biržasy bilen NASDAQ biržasynyň geleşikleriniň bilelikde alnan möçberinden hem köp boldy. Bu bolsa bazaryň ýagdaýynyň güýçlidigini görkezýändir” diýip, Pol Çan Mo-po gürrüň berdi.
Maliýe ministriniň bellemegine görä, maýadarlaryň gyzyklanmasy ynamyň täzeden dikeldilýändiginiň subutnamasydyr.
“Maýadarlaryň aňyrsyna seretsek, olaryň köpüsi Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Ýewropanyň hem-de Hytaýyň maýadarlarydyr. Pul serişdeleriniň akymlary, Gonkongyň maliýe bazaryna halkara jemgyýetçiliginiň ynamynyň ýokary derejede saklanýandygyny görkezýär,” diýip ol belledi.
Pol Çan Mo-po tarapyndan 2025-nji ýylyň dekabr aýynda ýerleşdirilen habara görä, Gonkongyň ykdysadyýetiniň durnukly 3.2 göterim ösmegine garaşylýar. Bu bolsa dünýä derejesindäki maliýe merkeziniň bassyr üç ýyl ösýändigini aňladýandyr.
Şeýle hem, Pol Çan Mo-po oňyn ösüşiň 2026-njy ýylda hem dowam etmegine garaşýandygyny hem-de maliýe pudagynyň, innowasiýanyň, tehnologiýanyň we söwdanyň esasy ösüş ugurlary boljakdygyny belläp geçdi.
“Ýurdumyzyň ykdysady ösüşi 2026-njy ýylda hem durnukly derejede saklanar. Maliýe we salgyt boýunça hereket edýän düzgünler giň mümkinçilikleri döreder, tehnologiýa taýdan ösüş bolsa dowam eder. Şeýle hem hususy sarp edijilik höweslendiriler. Ählumumy Gündogar ýurtlaryna, hususan-da Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna harytlaryň we hyzmatlaryň eksporty ýokary derejede saklanar. Bularyň ählisi Gonkongyň maliýe, söwda we hyzmatlar pudaklary üçin uly mümkinçilikleri döreder,” diýip, Pol Çan Mo-po sözüniň üstüni ýetirdi.







