Hytaý Matematikleriniň Halkara Mejlisi tapawutlananlary sylaglady

Ýanwar 05, 2026 | 17:50 |68
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hepdäniň şenbe güni Şanhaý şäherinde, Hytaýyň Matematikleriniň 10-njy Halkara mejlisiniň açylyş dabarasynda, üç sany tapawutlanan matematikler ylymda gazanan üstünlikleri üçin altyn medaly bilen sylaglandylar.

Dabaranyň dowamynda “Ylmy ugurlar boýunça Hytaý medaly” hökmünde tanalýan Hytaý Matematikleriniň Halkara Mejlisi, Hilbertiň altynjy ýörite meselesini çözendigi üçin Çikago uniwersitetiniň professory Den Ýu we onuň toparyny altyn medaly bilen sylaglady. Şonuň ýaly-da, üç ölçegli (3D) Kakeýa çaklamasyny subut edendigi üçin Nýu Ýork uniwersitetiniň Kurant institutynyň professory Wan Hun, hem-de, san teoriýasy we geometriýa ugurlaryna goşan goşantlary üçin Pekin uniwersitetiniň professory Ýuan Sinýi altyn medallary bilen sylaglandylar.

Mundan başga-da, bu Mejlisiň çäginde, ylymda tapawutlananlara kümüş medallary, Çern baýragy hem-de Halkara hyzmatdaşlyk sylagy gowşuryldy.

Innowasiýany mundan beýläk hem höweslendirmek maksady bilen, şu ýyl Mejlis tarapyndan “Hua”, “Lin” we “Ýan” atly täze baýraklar girizildi. Şeýle-de, özüniň täzeçilligi we netijeliligi bilen tapawutlanan iň gowy ylmy makala üçin hem ýörite sylag gowşuryldy.

“Bu gezek sylaglananlaryň ählisi özleriniň ýokary hilli ylmy işleri bilen tapawutlanan dünýä derejesindäki alymlardyr. Biziň maksadymyz kämillige ymtylmagy dowam etmek we birek-birek bilen hyzmatdaşlygy alyp barmakdyr. Hytaý Matematikleriniň Halkara Mejlisiniň öňe itergi beriji esasy ruhy şundan ybaratdyr – birek-birege goldaw bermek we özara hyzmatdaşlyk arkaly Hytaýyň matematika ylmyny dünýä derejesine çykarmakdyr” diýip, Hytaý Matematikleriniň Halkara Mejlisiniň prezidenti Şin-Tun Ýau metbugat ýygnagynda aýdyp geçdi.

Şin-Tun Ýau tarapyndan 1998-nji ýylda esaslandyrylan we her üç ýyldan bir gezek geçirilýän Hytaý Matematikleriniň Halkara Mejlisi, Hytaý matematikleri üçin dünýä derejesindäki iň iri ylmy forum hasaplanýar. Şu ýylyň 2-nji – 8-nji ýanwar aralygynda geçirilýän bu mejlisde arassa matematika, emeli intellekt ugurlary, şeýle hem biolukmançylyk ylmy ugruny öz içine alýan 300 gowrak ylmy çykyşlar meýilleşdirilýär.

Hytaý Matematikleriniň Halkara Mejlisi müňlerçe alymy bir ýere jemlemek bilen, ylymda gazanan üstünlikleri üçin ýaş zehinleri hem sylaglaýar hem-de dünýä derejesinde Hytaý matematikleriniň işjeňligini we olaryň hyzmatdaşlyk ruhuny açyp görkezýär.

Beýleki habarlar