2026-njy ýylda “Hytaýda satyn al” tutumy harytlaryň we hyzmatlaryň sarp edilişine itergi berer

Ýanwar 05, 2026 | 17:46 |53
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



2026-njy ýylda “Hytaýda satyn al” tutumy we Täze ýyl baýramçylygy, harytlaryň we hyzmatlaryň söwdasyny ösdürer, şeýle hem sarp edijiligiň täze görnüşlerini öňe sürer. Bu çäreler Hytaý hökümetiniň içerki bazardaky islegleri höweslendirmek boýunça alyp barýan tagallalarynyň bir bölegidir.

Hytaýyň Söwda ministrligi we Şanhaý şäher häkimligi bilelikde bu tutuma badalga bermek dabarasyny gurnadylar. Bu dabaranyň dowamynda Şanhaý, Hangžou, Wuhan we Şençžen şäherleriniň resmi wekilleri gatnaşyjylary degişli meýilnamalar bilen tanyşdyrdylar.

Hytaýyň maliýe merkezi we iri syýahatçylyk şäheri bolan Şanhaý şäheri ýokary hilli harytlaryň we hyzmatlaryň üpjünçiligini artdyrmagy meýilleşdirýär. Şonuň ýaly-da, tutuş ýylboýy sarp edijilik çärelerini gurnamak, şol sanda 2026-njy ýylyň 17-nji fewralynda geçiriljek Bahar baýramy bilen bagly çärelerini gurnamak göz öňünde tutulýar.

Hytaý Media Topary “Hytaýda satyn al” tutumy boýunça mahabatlandyryş çärelerini meýilleşdirýär. Söwda ministrliginiň beren maglumatyna görä, ýurt boýunça “Esasy Sarp edijilik aýy” we “Halkara sarp ediş möwsümi” ýaly çäreler geçiriler. Şeýle-de saýlanyp alnan 15 sany şäherde halkara sarp ediş merkezleri hökmünde ýörite şäher maksatnamalary durmuşa geçiriler.

Bahar baýramynyň bellenjek günlerinde sarp edijilige itergi bermek boýunça ýörite çäreler gurnalyp, öý hojalyklary üçin söwdalary höweslendirmek maksady bilen täze söwda merkezleri açylar.

2025-nji ýylyň aprel aýynda badalga berlen “Hytaýda satyn al” tutumy Hytaýyň sarp edijilik nokatlaryny we hyzmatlaryny ösdürmek bilen, ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini we medeni gymmatlyklaryny dünýä jemgyýetçiligine giňden tanatmagy maksat edinýär.

Beýleki habarlar