Si Szinpin Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň hyzmatdaşlygynyň ýokary derejeli ruhuny goldaýar

HHR-nyň Başlygy Si Szinpin 2025-nji ýylyň iýunynda Gazagystanda geçirilen “Hytaý – Merkezi Aziýa” ikinji sammitinde “Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň ruhyny” yglan etdi, bu bolsa sammitde wekilçilik edýän halklaryň bu täze döwürde umumy ösüşe bolan umumy isleglerine çuňňur sazlaşýar.
“Hytaý – Merkezi Aziýa” ikinji sammiti 16-18-nji iýun aralygynda Gazagystanyň paýtagty Astanada geçirildi.
Si Szinpin 16-njy iýunda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy bilen sammite gatnaşmak üçin Gazagystanyň paýtagtyna geldi. Şol gün döwlet Baştutanlary gepleşikler geçirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklar we ählumumy meseleler boýunça pikir alyşdylar.
“Siziň Alyhezretiňiz, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew, meniň köne dostum. Men iki ýurduň arasyndaky dostlugy yzygiderli berkitmek we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin tagallalary birleşdirip, Siziň bilen bilelikde işlemäge taýýardyryn. Hytaý ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnuklylygyny we oňyn energiýasyny ulanyp, sebitleýin we ahlumumy parahatçylygy we ösüşine has uly goşant goşmak üçin Gazagystan bilen işleşmäge taýýardyr.” – diýip, Si Szinpin gepleşikleriň dowamynda aýtdy.
“Siziň Alyhezretiňiz, HHR-iň Başlygy, Gazagystanda Sizi uly döwlet işgäri we paýhasly lider hökmünde tanaýarlar. Hytaý — Gazagystanyň dostlukly goňşusy, ýakyn dosty we ynamdar hyzmatdaşydyr” — diýip, Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.
Hytaý – Merkezi Aziýa ikinji sammitinde Başlyk Si Szinpin “özara hormat goýmaga, özara ynama, özara bähbide we ýokary hilli ösüş arkaly döwrebaplaşmaga bilelikde ymtylmak üçin özara goldawa” esaslanýan “Hytaý – Merkezi Aziýa ruhuny” yglan etdi. Şol ruhdan ugur alyp, Si Szinpin we Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunynyň döwlet Baştutanlary hemişelik hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnama gol çekdiler hem-de köp ýyllar üçin dostluk ýörelgesini kanun tarapdan berkiddiler.
“Biz Hytaý – Merkezi Aziýa ruhuna laýyklykda hereket etmeli, hyzmatdaşlygy täze güýç we has amaly çäreler bilen berkitmeli, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň ýokary hilli ösüşine ýardam bermeli we sebit üçin umumy geljegi bolan jemgyýeti döretmek maksadymyza tarap öňe gitmeli” – diýip, Si Szinpin sammitde eden çykyşynda belledi.







