Şanhaýda 10-njy Halkara Hytaý matematikçileriň kongresi açyldy

Şenbe güni Şanhaý şäherinde her üç ýylda bir gezek geçirilýän 10-njy Halkara Hytaý matematikçileriň kongresi (ICCM) açyldy. Bu forum dünýäniň dürli ýurtlaryndan öňdebaryjy matematikçileri çuňlaşdyrylan akademiki alyş-çalyş üçin bir ýere jemledi.
Bu çäre Hytaýyň global ylmy barlaglarda we matematiki innowasiýalarda barha artýan ornuny açyp görkezýär.
Kongresiň dowamynda 300-den gowrak ýokary derejeli ylmy çykyşlaryň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Olarda Filds baýragynyň birnäçe ýeňijisi, şeýle-de Hytaýdan we beýleki ýurtlardan alymlar özleriniň soňky ylmy barlaglarynyň netijeleri bilen paýlaşarlar.
Şeýle-de kongresiň çäginde möhüm baýraklar, şol sanda köplenç «hytaý Filds baýragy» diýlip atlandyrylýan ICCM matematika baýragy gowşurylar hem-de bu ugurda gazanylan görnükli üstünlikler belleniler.
«Ýurduň içinde bilim alan hytaý alymlary bu ugurda tanalýan we möhüm şahsyýetlere öwrüldiler. Muny olaryň çap eden ylmy işleriniň örän köp bolmagy hem tassyklaýar. Şonuň üçin men şuny buýsanç bilen aýdyp bilerin: Hytaý, şübhesiz, geljek bäş-on ýylyň dowamynda matematikada öňdebaryjy döwletleriň birine öwrüler we uly ýurtdan güýçli ýurda öwrülmek ýoluny geçer», — diýip, ICCM-niň prezidenti Şing-Tun Ýau metbugat maslahatynda belledi.







