Ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen Pekinde döwlet edaralarynyň iş wagty uzaldylýar

Pekin şäheri ýaşaýjylaryň has oňaýly we elýeterli döwlet hyzmatlaryna bolan islegleriniň artmagy esasynda jemgyýetçilik abadançylygyny ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreleri geçirýär.
2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Pekin Döwlet Hyzmatlary Merkezi köp isleg bildirilýän hyzmatlary dynç günleri hem-de köpçülikleýin dynç alyş günleriniň aglabasynda ýerine ýetirip başlar. Bu hyzmatlar – awtoulag we sürüjilik şahadatnamalary bilen bagly hyzmatlary, şahadatnamalaryň we pasportlaryň resmileşdirilmegini we beýleki giňden ulanylýan hyzmatlary öz içine alýar.
“Ýylyň dowamynda ýaşaýjylardan gelen teklipler esasynda öz iş usullarymyza belli üýtgeşmeleri girizdik. Ýagny, 24 sagadyň dowamynda öz-özüňe hyzmat ediş meýdançasy döredildi hem-de hyzmat nokatlarynyň işi täzeçe gurnaldy. Bu çäreler hyzmatlaryň has oňaýly we netijeli bolmagyna mümkinçilik döretdi” diýip, Pekin şäheriniň Döwlet Hyzmatlary Merkeziniň direktory Ýan Doňdoň habar berdi.
Häzirki wagtda hyzmatlaryň köpüsi onlaýn görnüşde amala aşyrylýar, zerur bolan ýagdaýlarda edaralaryň özünde hem hyzmat edilýär. Bu bolsa hyzmat ediş edaralarynda garaşmagyň wagtyny ep-esli azaldýar.
Pekin şäheriniň ýaşaýjylarynyň aýtmagyna görä, öňler uzyn nobatlarda garaşmaly bolýan bolsa, häzirki wagtda ýüz tutan badyna hyzmatlar gysga wagtda ýerine ýetirilýär. Onlaýn ýazylmak arkaly gelen raýatlar hem hyzmatlaryň rahat we tiz ýerine ýetirilýändigini aýdýarlar.
Döwlet Hyzmatlary Merkezi häzirki wagtda 60 sany döwlet edarasyny özünde jemläp, 2 müň 300-den gowrak hyzmatlary ýerine ýetirýär. Bu bolsa döwlet hyzmatlarynyň ilat üçin has elýeterli we netijeli bolmagyna ýardam berýär.
Mundan başga-da, merkezde okalga otaglary hem-de medeni sergiler üçin meýdançalar açyldy. Şeýle mümkinçilikler bu merkeziň jemgyýete has açyk we raýatlaryň bähbidine gönükdirilen edara hökmünde ornuny giňeldýändir.







