Ýük otlularynyň gatnawy Hytaýyň 2026-njy ýyldaky daşary söwdasyna güýçli badalga berdi

Ýanwar 03, 2026 | 16:35 |65
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


 

2026-njy ýylyň ilkinji gününde Hytaýyň Çžeszýan we Şansi welaýatlaryndan hem-de Sinszian-Uýgur awtonom welaýatyndan üç sany halkara ýük otlularynyň ugradylmagy ýurduň täze ýyldaky daşary söwdasynyň batly depginde başlanandygyny görkezdi.

Çžeszýan welaýatyndan ýola düşen otly Ýiwu (Suszi) Halkara logistika porty tarapyndan hyzmat edilen 1 060-njy deňiz-demirýol multimodal gatnawy boldy. Ýokary tehnologiýaly dolandyryş ulgamyny ulanýan bu port harytlaryň dünýä bazarlaryna bökdençsiz eksport edilmegini üpjün edýär. Ýiwu şäheri dünýäde ownuk harytlar boýunça iň iri söwda merkezleriniň biri hökmünde tanalýar.

Şansi welaýatynda Siýan Halkara port bekedinden, gün energiýasy modullary ýüklenen 45 sany konteýnerli Hytaý – Ýewropa ýük otlusy ugradyldy. Otly Sinsziandaky Horgos geçelgesinden daşary ýurtlara çykyp, Gazagystanyň üsti bilen Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherine barar.

Şeýle-de, Sinsziandaky Alaşankou demirýol menzilinden awtoşaýlaryň, maşyn-elektrik önümleriniň hem-de gündelik sarp edilýän harytlary ýüklenen 110 sany standart konteýnerli Hytaý–Ýewropa ýük otlysy ýola düşdi. Bu otly 2026-njy ýylda Sinszianyň demirýol menzillerinden geçen ilkinji halkara ýük otlusy bolup, Polşanyň Malaşeviçe şäherine – Merkezi Ýewropadaky möhüm logistika merkezine ugur aldy.

Hytaý – Ýewropa ýük otlulary Ýewraziýa giňişliginde giň gerimli logistika ulgamyny emele getirip, “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň çäklerinde söwda we infrastruktura baglanyşygyny pugtalandyrýar.

Resmi maglumatlara görä, 2025-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda Hytaý harytlarynyň importynyň we eksportynyň jemi möçberi 41 trillion 210 milliard ýuana (ýagny 5 trillion 890 milliard ABŞ dollaryna) ýetip, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 3.6 göterim artdy. Diňe noýabr aýynda daşary söwda dolanyşygy 4.1 göterim ýokarlanyp, 3 trillion 900 milliard ýuana ýetdi.

Beýleki habarlar