Hytaýyň iri portlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanýan ýolagçylaryň sany artýar

2026-njy ýylyň Täze ýyl baýramçylygy günlerinde Hytaýyň iri portlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanýan ýolagçylaryň sany artdy. Baýramçylyk syýahatçylygy hepdäniň penşenbe gününden başlap, şenbe gününe çenli dowam etdi.
Täze ýylyň ilkinji gününde Şanhaý Pudun Halkara Howa Menziliniň 2-nji terminalynyň immigrasiýa zalyndaky hasaba alyş nokatlaryna köp sanly ýolagçylar bardy. Resmi maglumatlara görä, üç günlük baýramçylykda Şanhaý portlarynyň jemi 322 müň ýolagça hyzmat etmekligine garaşylýar. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 17.8 göterim köpdür.
«Şu ýyl men Hytaýa sekizinji ýa-da dokuzynjy gezek gelýärin. Howa menzilindäki hyzmatlar has oňaýly we aňsat» diýip, Germaniýadan gelen ýolagçy öz pikirini paýlaşdy.
Ýerli immigrasiýa gözegçilik gullugynyň berýän maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylda Şanhaý portlarynyň hyzmatlaryndan peýdalanan halkara ýolagçylaryň sany artdy.
«2025-nji ýylda Şanhaý portlary arkaly 5 million 600 müňden gowrak daşary ýurtly myhmanlar ýurdumyza geldiler. Bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 40 göterim töweregi ýokarydyr. Şolardan 3 million 286 müň sany adam wizasyz ýa-da üstaşyr gatnawlary arkaly 240 sagatlyk wizasyz ýurda girmek düzgüni esasynda ýurdumyza geldi. Bu bolsa ýurdumyza gelen ähli halkara ýolagçylarynyň 58 göterimini tutýandyr» diýip, Şanhaý Howa Menziliniň Immigrasiýa Gözegçilik Gullugynyň serhet barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary Lan Gonçýan aýtdy.
Şeýle-de 2025-nji ýylda Pekiniň portlaryna gelýän we ondan gidýän ýolagçylaryň sanynyň yzygiderli köpelendigi hasaba alyndy.
Pekiniň portlary 2025-nji ýylda 21 million 400 müňden gowrak gelýän we gidýän ýolagçylara hyzmat etdi. Bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 17.4 göterim ýokarydyr we 2020-nji ýyldan bäri iň ýokary görkezijidir.







