Hytaýyň trade-in söwda maksatnamasy 2025-nji ýylda sarp edijiligi artdyrdy

Ýanwar 02, 2026 | 18:05 |52
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýda sarp ediş harytlary boýunça alnyp barylýan trade-in milli söwda maksatnamasy esasynda geçirilen söwdalaryň möçberi 2025-nji ýylda 2 trillion 600 milliard ýuana (ýagny 368 milliard ABŞ dollaryna) barabar boldy. Söwda ministrliginiň maglumatlaryna görä, bu maksatnama boýunça 360 milliondan gowrak satuwlar geçirilip, sarp edijilige, senagat taýdan öňegidişlige we ekologiýa taýdan arassa ösüşe itergi berildi.

Ýurt boýunça 11 million 500 müňden gowrak awtoulaglar bu maksatnama boýunça satyldy, şeýle hem 129 milliondan gowrak öý tehnikalarynyň söwdasy boldy, ýagny köne tehnika tabşyrylyp, olaryň kabul edilen bahasynyň üstüne goşmaça töleg bilen täzesi satyldy. Şeýle-de bu maksatnama boýunça 91 million sany ýan telefony we beýleki sanly enjamlar, 120 milliondan gowrak öý bezegleri, aşhana we hammam harytlary, şeýle hem 12 million 500 müňden gowrak elektrik welosipedleri satyldy.

Bu çäreler Hytaýyň daşky gurşawa zyýansyz ösüşine itergi berdi. Awtoulaglaryň aluw-satuwynda täze energiýaly awtoulaglaryň paýy 60 göterime barabar boldy. Netijede, täze energiýaly ýolagçy awtoulaglarynyň bölek satuwdaky paýy dokuz aý yzygiderli 50 göterimden ýokary bolup, noýabr aýynda 59.4 göterime ýetdi. Öý tehnikalarynyň aluw-satuwynyň 90 göteriminden gowragy ýokary derejeli energiýa ýa-da suw tygşytlaýjy önümler boldy, aragatnaşyk enjamlarynyň satuwy bolsa 11 aý yzygiderli ösüş görkezdi.

Şeýle-de bu maksatnama sarp edijileri döwlet goldawyndan peýdalanmak we harytlary ýerinde synap görmek üçin dükanlara ýüz tutmaga höweslendirdi. Bu ýagdaý naharhana, dynç alyş we beýleki hyzmatlar pudaklarynda sarp edijiligiň artmagyna getirdi. Degişli guramalaryň maglumatlaryna görä, aluw-satuw dükanlarynyň köp jemlenen söwda zolaklarynda kärhanalaryň söwda dolanyşygy 30 göterimden gowrak ýokarlandy.

Beýleki habarlar