Haýnanda girizilen ýörite gümrük amallary sarp edijilige we syýahatçylyga itergi berýär

Ýanwar 02, 2026 | 18:00 |62
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



2025-nji ýylyň 18-nji dekabrda Haýnan welaýatynda girizilen ýörite gümrük amallary sarp edijiligiň artmagyna we syýahatçylygyň ösmegine uly itergi berdi. Ýola goýlan bu düzgün, tutýan meýdany boýunça dünýäniň iň uly bu erkin söwda portuna daşary ýurt harytlarynyň erkin getirilmegine mümkinçilik berýändir, şeýle hem paçsyz getirilýän harytlaryň sanawy giňeldildi.

Bu düzgüniň işe girizilen ilkinji hepdesinde paçsyz söwdanyň möçberi 1.1 milliard ýuana ýetdi, bu geçen ýyl bilen deňeşdirilende 54.9% ösüşdir. Täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda we bu girizilen ýörite gümrük amallarynyň netijesinde, Haýnanda paçsyz söwdalaryň möçberi artdy. Muňa şeýle hem mahabatlandyryş çäreleriniň geçirilmegi hem-de Sanýa halkara paçsyz söwda toplumyndaky “Günüň batyş bazary” ýaly täze söwda meýdançalary itergi berdi.

2025-nji ýylyň dowamynda Haýnan adasyna 100 milliondan gowrak ýerli we halkara syýahatçylary geldi. Munuň netijesinde syýahatçylaryň umumy sarp edijiliginiň 200 milliard ýuandan geçmegine garaşylýar. Daşary ýurtly myhmanlaryň köpüsi ýurda wizasyz gelip-gitmek düzgüni esasynda girýärler. Gümrük nokatlarynda gözegçilik-barlag amallary iki minuda ýeter-ýetmez wagtyň içinde amala aşyrylýar. Bu bolsa gelýän myhmanlar üçin örän oňaýlydyr.

Beýleki habarlar