Täze ýyl baýramçylygynda Hytaýda sebitara ýolagçy saparlarynyň sanynyň 21 göterim artmagyna garaşylýar

Hepdäniň penşenbe güni Hytaýyň Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, Täze ýyl baýramçylygy döwründe Hytaýda sebitleriň arasynda 208 milliondan gowrak ýolagçy saparynyň amala aşyrylmagyna garaşylýar, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 21 göterim köpdür.
Üç günlük Täze ýyl baýramçylygynyň ilkinji gününde awtomobil ýollary boýunça 187 million 260 müň sany ýolagçy saparynyň bolmagyna garaşylýar, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 18.1 göterim ýokarydyr. Şol bir wagtyň özünde, demirýol arkaly ýolagçy gatnawlarynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 65.1 göterim artmagyna we 18 million 250 müňe ýetmegine garaşylýar, deňiz-derýa ýollary boýunça ýolagçy gatnawlarynyň 0.9 göterim ýokarlanyp, 670 müň sapara ýetjekdigi, raýat awiasiýasy arkaly ýolagçy saparlarynyň bolsa 12.6 göterim artyp, 1 million 950 müňe ýetjekdigi çaklanylýar.
Hytaýda Täze ýyl agşamy sebitara ýolagçy saparlarynyň sany 207 milliondan gowrak boldy, bu bolsa geçen ýylyň degişli güni bilen deňeşdirilende 25.4 göterim köpdir.
Awtomobil ulaglary arkaly ýolagçy gatnawlarynyň möçberi 188 million 280 müň sapara ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 22.8 göterim artdy.
Şol gün Hytaýyň demirýol ulgamy 16 million 680 müň ýolagçy saparyna hyzmat etdi, bu görkeziji geçen ýyl bilen deňeşdirilende 60 göterim köpdir.
Deňiz-derýa ýollary arkaly ýolagçy gatnawlarynyň sany 626 müňe deň bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 32.3 göterim köpeldi. Raýat awiasiýasy arkaly ýolagçy gatnawlarynyň sany bolsa 2 million 180 müň sapara deň bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 21.2 göterim artdy.







