Şençžen 2026-njy ýylyň ilkinji gününde köp sanly syýahatçylary garşy aldy

Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynda ýerleşýän Şençžen şäheri 2026-njy ýylyň ilkinji gününde, şeýle hem Hytaýda üç günlük Täze ýyl baýramçylygynyň başlanýan döwründe, daşary ýurtlardan we serhetýaka sebitlerinden köp sanly syýahatçylary kabul etdi. Şäherde baýramçylyk çäreleri giň gerimde geçirildi.
Şençženiň esasy serhet geçelgelerinde ýolagçylaryň sany iň ýokary derejesine ýetdi. Gonkongdan, Makaodan hem-de daşary ýurtlardan gelen köp sanly syýahatçylar şäheriň Täze ýyl baýramçylyk ruhundan lezzet aldylar. Luohu portunyň serhet geçelgesinden geçen ýolagçylaryň sany ir sagat 8-den agşam sagat 20-ä çenli ýokary derejä ýetdi. Täze ýyl dynç alyş günlerinde ortaça gündelik ýolagçy sanynyň 240 müň töweregi bolmagyna garaşylýar. Günbatar Kowloon demirýol menzilinde hem iki ugur boýunça ýolagçy akymy köp boldy, bu ýerde gündelik serhetden geçýänleriň sanynyň 100 müňe ýetmegine garaşylýar.
Ulag merkezlerinde 2026-njy ýylyň Bahar baýramyna we At ýylyna bagyşlanan baýramçylyk gurşawy has-da janlandy.
Şäher boýunça Täze ýyl dabaralary giňden geçirildi. Futian etrabyndaky 1 kilometr 600 metr uzynlykdaky Baýramçylyk şaýolunda 30-dan gowrak tematiki toparlaryň gatnaşmagynda uly ýörişli çäre gurnaldy. Şol çärede şar şekilindäki çişirilen gahrymanlar, deprekli çykyşlary hem-de Guandun welaýatyna mahsus bolan milli Ýinge tansy giň tomaşaçy köpçüligini özüne çekdi. Ýakynda ýerleşýän söwda merkezlerinde bolsa ýörite arzanladyş kuponlary hödürlenip, söwda çäreleri baýramçylyk bilen utgaşdyryldy.
Şençžen daşary ýurtly syýahatçylar üçin has-da özüne çekiji şäher hökmünde tapawutlanýar. Onlaýn syýahat meýdançalarynyň maglumatlaryna görä, Täze ýyl baýramçylygynyň ilkinji gününde Hytaýa gelip gonýan halkara uçar petekleriniň öňünden berkidilmegi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 20 göterim artdy. Şençžen şäheri ýurduň bäş sany iň meşhur halkara syýahatçylyk şäherleriniň hataryna goşuldy. Qunar syýahatçylyk hyzmaty meýdançasynyň maglumatlaryna görä, şäher boýunça halkara uçar petekleriniň satuwy 52.5 göterim, halkara uçuşlaryny öňünden berkitmekligiň umumy möçberi bolsa 33 göterim ýokarlandy.







