2025-nji ýylda Hytaýda sport bilen bagly sarp edijilik durnukly ösüş görkezdi

Hytaýda sport harytlarynyň sarp edilişi boýunça adam başyna düşýän möçberi 2025-nji ýylda hem ýokarlanmagyny dowam etdirdi. Bu barada Hytaýyň Bedenterbiýe we sport boýunça döwlet edarasy tarapyndan berlen hasabatda aýdylýar.
Hasabata görä, 2025-nji ýylda 19 – 59 ýaş aralygyndaky ilatyň her adam başyna sport harytlaryny ýyllyk sarp edişi 2 428 ýuana (347 ABŞ dollaryna) ýetdi. 60 ýaşdan uly bolan raýatlaryň bolsa ortaça çykdajysy 1 451 ýuana barabar boldy. Bu görkeziji 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarydyr.
Sport bilen bagly sarp edijiligiň düzümi hem düýpli özgerýär. Hyzmatlar boýunça çykdajylar sportda umumy sarp edijiligiň 48.5 göterimini düzüp, sport harytlaryny satyn almakdan, sport bilen bagly hyzmatlara geçilýändigini, ýagny ýaryşlara gatnaşmak, sport çärelerine tomaşa etmek ýaly ugurlara geçilýändigini görkezýär.
Bu ýagdaý sport bilen yzygiderli meşgullanýan adamlaryň sanynyň köpelmegi bilen hem gabat gelýär. Hasabata görä, ilatyň 7 ýaşdan uly bolan böleginiň 38.52 göterimi sport bilen yzygiderli meşgullanýar. Bu görkeziji 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende 4.6 göterim ýokarydyr, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende bolsa 1.3 göterim köpdür.
Şeýle-de hasabatda tutuş ýurt boýunça bedenterbiýäni ösdürmekde henizem käbir kynçylyklaryň gabat gelýändigi bellenilýär. Şäherler bilen oba ýerleriniň arasynda, şeýle hem sebitleriň arasynda tapawutlyklar henizem saklanýar.







