Pekiniň Tonçžou demir ýol menzili ulanyşa berildi

Hepdäniň duşenbe güni Pekin – Tianszin – Hebei demir ýol ulgamynyň möhüm bölekleriniň biri bolan Pekiniň Tonçžou demir ýol menzili resmi taýdan ulanyşa girizildi. Bu demir ýol menziliniň açylmagy sebitiň ösüşine täze itergi berer.
Pekiniň Tonçžou etrabynyň – şäheriň täze administratiw merkeziniň – toplumlaýyn ulag merkezinde ýerleşýän täze menzilden ýolagçylar şäherara otly arkaly Tianszin şäheriniň Baodi etrabyna bary-ýogy 26 minutda, Beýçen menziline 56 minutda, Hebei welaýatynyň Sinhuangdao şäherine bolsa 90 minutda ýetip bilýärler.
Täze ugur welaýatlaryň arasyndaky gatnaw mümkinçiliklerini giňeldýär, Pekin–Tianszin–Hebei sebitindäki şäherleri has-da ýakynlaşdyrýar we sebitde «bir sagatlyk ulag aýlawyny» ösdürmekde möhüm goşant goşýar.
Pekiniň şäher merkeziniň dolandyryş komitetiniň orunbasary Hu Sziulunyň aýtmagyna görä, Tonçžou demir ýol menziliniň gurluşygynyň tamamlanmagy we täze demir ýol ugurlarynyň işe girizilmegi Pekiniň we oňa ýanaşyk sebitleriniň, aýratyn-da Langfan şäheriniň demirgazygyndaky üç sany Sanhe, Daçang we Sianhe etraplarynyň ulag, gündelik durmuş, iş üpjünçiligi we sarp ediş ulgamlarynyň utgaşykly ösüşini ep-esli derejede öňe sürer.
Hu Sziulun şeýle hem bu baglanyşygyň güýçlenmeginiň hünärmenleriň, tehnologiýanyň, maýalaryň we maglumatlaryň has işjeň hereket etmegine şert döretjekdigini aýtdy.







