Şanhaý Täze ýyly uly höwes bilen garşy alýar

Dekabr 30, 2025 | 18:56 |56
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Täze ýyl baýramynyň golaýlaşmagy bilen Şanhaýyň iri işewürlik etraplarynda medeniýeti, syýahatçylygy, söwdany we sporty utgaşdyrmak arkaly ýerli ýaşaýjylara hem-de myhmanlara dürli dynç alyş we baýramçylyk hyzmatlary hödürlenýär, olaryň öz wagtlaryny hoş geçirmekligi üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Huánpu derýasynyň boýundaky açyk meýdança – Szuhueý Riverside dynç alyş meýdançasy köpleriň halaýan ýeridir. Golaýda bu ýerde meýdany 1500 inedördül metr bolan açyk buz meýdançasy işe girizildi. Ol Şanhaýyň merkezinde ýerleşýän iň uly buz meýdançasydyr. Bu ýere gelýän myhmanlar buzda typmakdan, sazandalaryň ýerine ýetirýän sazlaryny diňlemekden lezzet alýarlar.

Täze ýylyň öňüsyrasynda derýa boýundaky ähli restoranlaryň müşderileri ýetik. Adaty günler bilen deňeşdirilende, baýramçylyk günlerinde bu ýere gelýän müşderileriň sanynyň 30 göterim artmagyna garaşylýar.

Söwda meýdançalarynda myhmanlar öz göwünlerine ýaran zatlary satyn alyp bilerler. Şeýle hem olar derýanyň gözel görnüşini synlap, sazly çykyşlardan lezzet alyp, arassa howaly açyk ýerlerde naharlanyp bilerler. Şanhaýda täze ýyly şular ýaly göwün göteriji gurşawda garşy almak köpleriň göwün söýen adatlarynyň birine öwrülýär.

Şanhaýyň beýleki etraplarynda hem köçeleriň durky täzelenip, dürli sergiler we baýramçylyk çäreleri gurnalýar. Bu bolsa baýramçylyk harytlaryna we hyzmatlaryna bolan islegi has-da artdyrýar.

Beýleki habarlar