Täze ýyl agşamyny Guandun restoranlarynda geçirmek islegleri artýar

Dekabr 30, 2025 | 18:50 |66
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


2026-njy ýylyň golaýlaşmagy bilen, Hytaýyň günortasyndaky Guandun welaýatynda, adamlaryň täze ýyl agşamyny restoranlarda geçirmek islegleri artýar. Bu ýagdaý ýerli bazaryň işjeňligini aýdyň görkezýändir.

Ýylyň ahyrynda sarp edijileriň sanynyň artmagy restoranlaryň hem-de ýerli azyk dükanlarynyň söwdasyna öz täsirini ýetirýär. Guançžou şäherinde restoranlara gelýän telefon jaňlarynyň yzy üzülenok: işgärler sargytlary kabul edip, tassyklaýarlar, myhmahlaryň gelmegine taýýarlanýarlar. Aşhanalarda bolsa şoňa laýyklykda öňünden taýýarlyk işleri gyzgalaňly dowam edýär.

“Táze ýylyň öňýanyndaky agşam we täze ýyl baýramçylyk güni üçin restorandaky ähli ýerler öňünden doly berkidilen. Sargytlaryň sany adaty günler bilen deňeşdirilende 50 göterim töweregi köpeldi. Biziň müşderilerimiziň arasynda ýerli ýaşaýjylar hem, syýahatçylar hem, daşary ýurtly myhmanlar hem bar. Täze ýyl agşamynyň öňüsyrasynda, müşderileriň sanynyň adaty gündelik derejesinden 30-40 göterim aralygynda artmagyna garaşýarys,” diýip, restoranyň müdiri Huan Ýue belledi.

Amatly onlaýn sargyt ediş ulgamlary we medeniýetli hyzmat etmek, adamlaryň öz aýratyn günlerini we maşgala dabaralaryny restoranda bellemegine itergi berdi. Ulgamyň bilermenleriniň aýtmagyna görä, baýramçylyk günlerinde sarp edijiligiň artmagy ýerli ykdysadyýeti ösdürýändir.

“Baýramçylygyň golaýlaşmagy bilen sarp edijileriň höwesi barha artýar. Adaty günler bilen deňeşdirilende, Táze ýyl agşamynyň öňüsyrasynda sarp edijileriň restoranda naharlanmak üçin çykdajylarynyň 60 göterim töweregi artmagyna, sargytlaryň bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende iki esse köpelmegine garaşylýar” diýip, onlaýn durmuş hyzmatlaryny hödürleýän meýdançanyň ýolbaşçysy Ýu Siaowen düşündirdi.

Beýleki habarlar