Dünýäde ilkinji 30 MWt kuwwatly arassa wodorodda işleýän gaz turbinasy işe girizildi

Dekabr 29, 2025 | 18:55 |104
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaý döwleti dünýäde ilkinji 30 megawatt kuwwatlylygy bolan arassa wodorody işleýän gaz turbinasyny işe girizmek bilen, gaýtadan dikeldilýän arassa energiýa tehnologiýalarynda möhüm üstünlik gazandy.

Mingyang Toparynyň maglumatyna görä, hepdäniň ýekşenbe güni Hytaýyň demirgazygyndaky Içerki Mongoliýa awtonom welaýatynda ýurduň içinde öndürilen Ýupiter I gaz turbinasy arkaly arassa wodorod esasynda elektrik energiýasynynyň önümçiligi ýola goýuldy. Bu enjam kuwwatylygy boýunça dünýäde iň uly, wodoroddan elektrik energiýasyny öndüriji enjamlaryň biridir. Bu turbina elektrik energiýasynyň iň köp ulanylýan döwründe, wodorody işlemek bilen ony täzeden elektrik energiýasyna öwürmäge ukyplydyr.

Bu enjam artykmaç gaýtadan dikeldilýän energiýany peýdalanmak meselesini çözmek bilen, elektrik ulgamlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrýar. Şeýle hem bu turbina Hytaýda milli derejeli ilkinji wodorod energiýasyny ulanýan synag taslamalarynyň hataryna girizildi.

“Deň kuwwatlylygy bolan ýylylyk elektrik stansiýasy bilen deňeşdirilende, Ýupiter I turbinasynyň bölünip çykýan kömürturşy gazlaryny bir ýylda 200 müň tonnadan gowrak azaltmaga mümkinçiligi bardyr,” diýip, Mingyang Wodorod Gaz Turbina Tehnologiýasy kompaniýasynyň baş müdiri Wan Ýonži aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, bir bitewi ulgamda işlände bu enjam her sagatda 48 müň kilowat-sagat elektrik energiýasyny öndürip, 5 500 töweregi hojalygyň gündelik elektrik energiýa zerurlygyny kanagatlandyryp bilýär.

Bu turbina gaýtadan dikeldilýän energiýanyň önümçiligindäki üýtgemeleri sazlamaga kömek edip, Hytaýyň energiýa ulgamyny daşky gurşawa zyýansyz özgertmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda gaýtadan dikeldilýän energiýa Hytaýyň umumy elektrik energiýasyny öndüriş kuwwatynyň 50 göteriminden gowragyny düzýändir. Kömürturşy gazlarynyň bölünip çykmagyny 2030-njy ýyla çenli azaltmak bilen, 2060-njy ýyla çenli ýurtda bu meseläni doly çözmeklik göz öňünde tutulýar.


Beýleki habarlar