Pekinde uniwersitet talyplarynyň arasynda emeli intellekt boýunça bäsleşik geçirildi

Dekabr 29, 2025 | 18:40 |89
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hepdäniň şenbe güni Pekiniň Tehnologiýa uniwersitetinde talyplaryň arasynda gecirilýän ilkinji “Emeli Intellekt+ Innowasiýa” atly bäsleşik badalga aldy.

Bn bäsleşik Pekindäki ýokary okuw mekdeplerinde okaýan bakalawr talyplary üçin niýetlenendir. Uniwersitetleriň öz içinde geçirilen birnäçe saýlama tapgyrlaryndan soň, jemi 222 sany topar bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandy.

Bäsleşigiň çäklerinde, emeli intellekt ornaşdyrylan tehnologiýalary, lukmançylykda keseli kesgitlemek ýaly birnäçe ugurlar boýunça taslamalara seredildi.

Bu çäre innowasion pikirli ýaş hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmäge, bilim ulgamynyň senagat bilen utgaşygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem, bu bäsleşik arkaly Pekin şäherini halkara derejeli ylmy-tehnologiki innowasiýa merkezine öwürmek hem-de ylmyň mümkinçiliklerini we ýaşlaryň döredijilikli zehinlerini ýurtda emeli intellekti ösdürmekde peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Beýleki habarlar