Hytaýyň Ýewraziýa maýa goýumlary soňky on ýylda ep-esli artdy

Ýewraziýa ösüş bankynyň penşenbe güni çap eden ýyllyk hasabatyna görä, dünýäde maýa goýum işjeňliginiň pese gaçýan döwründe, soňky on ýylyň dowamynda Hytaýyň Ýewraziýa döwletlerine maýa goýumlary ep-esli artdy.
Baş edarasy Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerleşýän Ýewraziýa ösüş banky 2006-njy ýylda Russiýa bilen Gazagystanyň başlangyjy esasynda döredildi. Bu bankyň esasy maksady agza ýurtlarda iri maýa goýum taslamalaryny goldamak bolup, häzirki wagtda Ermenistan, Belarus, Gyrgyzystan we Täjigistan döwletleri hem onuň agzalary boldular.
Ýewraziýa ösüş banky 2016-njy ýyldan bäri Ýewraziýada özara maýa goýumlaryny yzygiderli seljerip gelýär. Hasabata görä, soňky on ýylyň dowamynda Hytaýyň bu sebitdäki maýa goýumlary 80 göterim ýokarlanyp, 2025-nji ýylyň birinji ýarymynyň ahyryna çenli rekord derejä – 66 milliard ABŞ dollaryna ýetdi.
Soňky 18 aýyň dowamynda bolsa Hytaýyň maýa goýumlary 13 göterim, ýagny 7.5 milliard ABŞ dollaryna barabar möçberde artdy.
Bu bankyň ýolbaşçylarynyň bellemegine görä, Hytaýyň senagat we energetika ulgamlaryna goýýan maýa goýumlarynyň artmagy, Hytaý kompaniýalarynyň işewürliginiň kämilleşendigini hem-de tehnologiýalaryny paýlaşmaga taýýardygyny görkezýändir.
“Hytaý kompaniýalary öňler esasan bar bolan kärhanalary ýa-da ulanylyp taşlanan kärhanalary satyn alyp, olary täzeden enjamlaşdyrmaga we işletmäge niýetlenen maýa goýumlaryna üns berýärdiler. Häzirki wagtda bolsa olar täze zawodlary gurup, önümçiligi başdan başlatmagy göz öňünde tutýan taslamalara has köp üns berýärler. Bu ýagdaý Hytaýyň tehnologiýa mümkinçilikleriniň barha ösýändigini görkezýär. Gazagystan 11 milliard ABŞ dollaryndan gowrak möçberde Hytaýyň iň köp maýa goýumlaryny çeken ýurt bolmagynda galýar. Hytaý döwleti şeýle hem Özbegistana 10 milliard ABŞ dollaryndan gowrak möçberde maýa goýumlaryny goýdy” diýip, Ýewraziýa ösüş bankynyň başlygynyň orunbasary we baş ykdysadyýetçisi Ýewgeniý Winokurow düşündirdi.
Ýewraziýa ösüş bankynyň dolandyryş geňeşiniň başlygy Nikolai Podguzowyň bellemegine görä, Hytaý kompaniýalary Merkezi Aziýa sebitinde wajyp orny eýeleýär. Olar nebit-himiýa, ulag we energetika ýaly möhüm pudaklarda iri möçberli taslamalara gatnaşyp, Belarus döwletini hem goşmak bilen, sebitdäki ýurtlaryň aglabasynda işjeň hereket edýär. Ol Merkezi Aziýanyň uly ykdysady mümkinçilikleriniň bardygy we Hytaýa ýakyn ýerleşýändigi sebäpli bu sebite maýa goýumlarynyň mundan beýläk-de artmagyna garaşylýandygyny aýtdy.







