2025-nji ýylda Hytaýyň sanly pudaklarynyň girdejileri takmynan 9 göterim artdy

2025-nji ýylda Hytaýyň sanly pudaklary durnukly ösüşini dowam etdirip, onuň umumy girdejileri geçen ýyl bilen deňeşdirilende takmynan 9 göterim artdy. Bu barada hepdäniň anna güni Senagat we maglumatlar tehnologiýalary ministrligi habar berdi.
Berlen maglumatlara görä, aýratynlykda ýurduň umumy telekommunikasiýa hyzmatlarynyň 9 göterim, programma üpjünçiligi pudagynyň girdejileri bolsa 12 göterim artmagyna garaşylýar.
Şu ýylyň noýabr aýynyň jemi boýunça Hytaýda 4 million 830 müň sany 5G aragatnaşyk beketleri gurlup, olar ähli mobil aragatnaşyk beketleriniň 37.4 göterimini düzdi. 5G hyzmatyndan peýdalanýan mobil telefon ulanyjylarynyň sany 1 milliard 193 milliona ýetip, bu görkeziji umumy mobil telefon ulanyjylarynyň 65.3 göterimine barabar boldy.
Senagat we maglumatlar tehnologiýalary ministri Li Leçeniň bellemegine görä, senagat internetiniň giň möçberde ornaşdyrylmagy işjeň alnyp barylýar. Häzirki wagtda ýurt boýunça 20 müňden gowrak senagat 5G hususy tor taslamalary durmuşa geçirilýär we 8 müňden gowrak 5G kärhanalary iş alyp barýarlar.
Ministr Li şeýle hem, “Emeli Intellekt+ önümçilik” başlangyjynyň doly durmuşa geçirilendigini, emeli intellekt esasly terminallaryň we sanly agentleriň önümçilikde giňden ulanylýandygyny belledi. Emeli intellekt pudagyny goldamak maksady bilen 60 milliard ýuan möçberindäki maýa goýum gaznasy döredilip, häzirki wagtda önümçilik kärhanalarynyň 30 göterimi emeli intellekt tehnologiýalaryndan peýdalanýarlar.







