Hytaýyň ýokary tizlikli demir ýol ulgamy 50 müň kilometrden geçdi

Dekabr 27, 2025 | 17:35 |106
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň dünýäde iň uly we döwrebaplaşdyrylan ýokary tizlikli demir ýol ulgamy bardyr. Hepdäniň anna güni täze bir ýokary tizlikli demir ýol ugrunyň işe girizilmegi bilen, ulanyşdaky demir ýol ulgamynyň umumy uzynlygyny 50 müň kilometrden geçdi.

Hepdäniň anna güni irden Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şansi welaýatynyň Ýan’an şäherinden, bu welaýatyň paýtagty Sian şäherine tarap ýokary tizlikli “Fusing” otlusynyň ýola düşmegi bilen, täze demir ýol ugry işe girizildi.


Uzynlygy 299 kilometre barabar bolan Sian – Ýan’an ýokary tizlikli demir ýolunda otlular sagatda 350 kilometre çenli tizlikde gidip bilýärler. Munuň netijesinde, iki şäheriň arasyndaky ýoly geçmek wagty takmynan bir sagada çenli gysgalýar.

Hytaýyň ýokary tizlikli demir ýollarynyň taryhy 2008-nji ýylda Pekin – Tianszin şäherara demir ýol ugrunyň işe girizilmegi bilen başlandy. Şondan bäri bu ulgam batly depginde giňelip, häzirki wagtda onuň ulanyşdaky uzynlygy dünýäniň beýleki ýurtlarynyň hemmesiniň jemi görkezijisinden hem ýokary boldy. Şeýle-de Hytaý dünýäde iň ýokary tizlikli täjirçilik otly hyzmatlaryny hödürleýär.

Hytaýyň döwlet demir ýollaryny dolandyryjy edarasynyň beren maglumatlaryna görä, 2021-nji – 2025-nji ýyllary öz içine alýan 14-nji bäşýyllyk maksatnamasynyň dowamynda ýurtda 12 müň kilometr täze ýokary tizlikli demir ýollary gurlup, ulanyşa girizildi.

Häzirki wagtda Hytaýda ilaty 500 müň adamdan geçýän şäherleriň 97 göteriminde ýokary tizlikli demir ýollary hereket edýändir.

Beýleki habarlar