Hytaýda 2025-nji ýylda pagtanyň öndürilişi 7.7 göterim artdy
Dekabr 27, 2025 | 17:35 |86

Hytaýda 2025-nji ýylda pagtanyň umumy öndürilişi 6 million tonnadan geçdi. Bu barada hepdäniň anna güni ýurduň Milli statistika müdirligi tarapyndan goýberilen maglumatlarda habar berilýär.
Maglumatlara görä, şu ýyl pagtanyň umumy öndürilişi 6 million 641 müň tonna ýetip, bu görkeziji 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 477 müň tonna ýa-da 7.7 göterim köpeldi.
Ýurt boýunça jemi 2 million 979 müň 200 gektar meýdana pagta ekildi. Bu geçen ýylkydan 140 müň 900 gektar köpdür ýa-da 5 göterim artykdyr.
Bir gektardan alynýan pagta hasylynyň möçberi 2 müň 229 kilograma barabar boldy. Bu bolsa 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende her gektardan 57.4 kilogram artyk hasyl anandygyny ýa-da 2.6 göterim ösüşi görkezýär.







