Hytaýyň Çendu şäherinde pes belentlikde gan daşamak hyzmaty işe girizildi

Hepdäniň penşenbe güni Hytaýyň günorta-günbataryndaky Syçuan welaýatynyň paýtagty Çendu şäherinde pes belentlikde gan daşamak hyzmaty işe girizildi. Bu täze hyzmat tiz lukmançylyk kömegine mätäç boan näsaglara möhüm goldawy berer.
Şol gün Çendu şäheriniň Gan merkezinden doly ýüklenen iki sany dron ýokary göterilip, olar şäheriň Lunsiuanyi etrabynda ýerleşýän Çendu Ikinji Milli hassahanasyna hem-de Birinji Milli hassahanasyna baryp gowuşdy.
Daşky gurşaw şertlerine doly uýgunlaşdyrylan bu dronlaryň uçuşynyň dowamynda olaryň nireden uçup barýandygy we ganyň temperaturasy baradaky maglumatlary edil häzirki wagt tertibinde gözegçilik meýdançasyna berilýär. Bu bolsa ganyň howpsuz hem-de doly gözegçilik ýagdaýynda eltilip gowşurylmagyna mümkinçilik berýär.
“Gany pes belentlikde eltip gowşurmak wagty 50 göterimden gowrak azaldy. Bu hyzmat geljekde adaty iş tejribesine öwrüler. Ol adatdan daşary ýagdaýlara, agyr keselli näsaglara öz wagtynda kömek bermek we hususan-da seýrek gan toparlarynyň üpjünçiligini kepillendirmekde uly goldaw bolar” diýip, Çendu Gan Merkeziniň müdiriniň orunbasary Kan Sianşun aýtdy.
Häzirki wagtda Çendu şäherinde 86 sany pes belentlikde uçuş ýollary işläp taýýarlanyp, sürüjili we sürüjisiz uçuşlar üçin 107 sany ugur açyldy. Bu ugurlar adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş işleri, logistika we medeni syýahatçylyk ýaly ugurlary öz içine alýar. Degişli pudaga sarp edilen serişdeleriň umumy möçberi 100 milliard ýuandan (ýagny 14 milliard 270 million ABŞ dollaryndan) geçip, onuň çalt depginde ösýändigi we uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenilýär.







