Hytaý magnitlewitasion hereketinde tizlik boýunça täze dünýä rekordyny goýdy

Hytaýly alymlar geçirijiligi aşa ýokary bolan elektromagnit hereket ulgamy arkaly bir tonnalyk synag ulagyny 400 metrlik magnitlewitasiýa ýolunda iki sekundyň dowamynda sagatda 700 kilometre çenli tizlige ýetirmegi başardylar. Bu üstünlik täze dünýä rekordy hökmünde hasaba alyndy.
Goranmak Tehnologiýasynyň Milli Uniwersitetiniň ylmy-barlag toparynyň habar bermegine görä, ulag şeýle ýokary tizlikden soňra howpsuz ýagdaýda duruzyldy. Bu möhüm tehnologiýa 10 ýyl dowam eden yzygiderli ylmy-barlag işleriniň netijesinde amal edildi.
Bu gazanylan üstünlik esasy tehnologiýa ugurlarynda ýüze çykýan ýokary tizlikli elektromagnit hereket, elektrik lewitasiýa boýunça ugrukdyryş, ýokary kuwwatly energiýany ýygnamak we öwürmek, aşa ýokary geçirijili magnitler ýaly birnäçe kynçylyklary aradan aýyrmaga mümkinçilik döretdi.
Bu ýetilen sepgit Hytaýy ýokary tizlikli magnitlewitasiýa ulgamlaryny döretmekde dünýäda öňdebaryjylaryň hataryna goşýar. Bu gazanylan üstünlik wakum turba magnitlewitasiýa ulaglarynyň geljekki ösüşi üçin täze mümkinçilikleri açýar, şeýle hem äleme uçuşlary amala aşyrmak we synag işlerini geçirmek üçin täze usullary hem-de gurallary hödürleýär.
Bu tehnologiýanyň geljekde kämilleşdirilmegi we senagatda ulanylmagy Hytaýyň awiasiýa, älem we demir ýol ulaglary pudaklaryna täze itergi berer.
“Biziň ýokary tizlikli geçirijiligi aşa ýokary elektrik magnitlewitasiýa ulgamymyz Hytaýda ýokary tizlikli magnitlewitasiýa ulaglarynyň ösüşini tizleşdirer. Indiki tapgyrda toparymyz ýokary tizlikli turba magnitlewitasiýa ulaglaryna, awiasiýa we aerokosmos enjamlarynyň synaglaryna, elektromagnit uçuryş ulgamlaryna hem-de beýleki öňdebaryjy ugurlara üns berer. Şol bir wagtyň özünde kärhanalar, uniwersitetler, ylmy-barlag institutlary we ulanyjylar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyryp, goranmak maksatly tehnologiýalardaky özbaşdak innowasiýalara goşant goşmagy maksat edinýäris,” diýip, uniwersitetiň professory Li Szie aýtdy.







