Sian-Ýan'an ýokary tizlikli demir ýoly işe giriziler

Hytaýyň demirgazyk-günbataryndaky Şansi welaýatynyň Sian we Ýan'an şäherlerini birleşdirýän 299 kilometrlik ýokary tizlikli demir ýoly anna güni işe giriziler.
Täze demir ýol ugry boýunça gatnaýan otlylaryň petekleri penşenbe güni satuwa çykaryldy.
“Bu demir ýoly Loess platosynyň üstünden geçirilende, onuň tunelleriniň gurluşygynda çylşyrymly geologik şertleri sebäpli köp sanly kyn meseleleri çözmeli boldy. Taslama bölümi tunelleriň geologik şertleri boýunça toplumlaýyn seljermesini geçirmek üçin öňdebaryjy geologik çaklamalary we degişli usullary ulandy, bu bolsa daş gaçmak we ýumrulma howplaryny azaltdy” diýip, Hytaýyň 3-nji demir ýol inženerçilik toparynyň taslama müdiri Wang Haýting aýtdy.
Demir ýoluny işe girizmegiň başlangyç tapgyrynda, demir ýol edaralary birbada günde 38-e golaý otlu gatnawlaryny ýola goýar, şol bir wagtyň özünde kömekçi desgalar hem işe giriziler.
Sagatda 350 kilometr tizlik bilen gidýän otly gatnawlarynyň has amatly bolmagyna we munuň netijesinde oba ýerleriniň has-da işjeňleşmegine garaşylýar.
“Sian-Ýan'an ýokary tizlikli demir ýolunyň gurluşygy tamamlanandan soň, Sian demirgazyk menzilinden Fuping günorta menziline barmak üçin bary-ýogy 19 minut gerek bolup, ýol wagty öňküsinden 56 minut azalar, Tonçuan menziline barmak üçin 27 minut bolup, ýol wagty öňküsinden 102 minut gysgalar, we Ýan'an menziline gitmek üçin bolsa 68 minut gerek bolar, bu bolsa otlularyň häzirki ýol wagtyny 62 minut azaldar” diýip, Sian Demirgazyk demirýol menziliniň ýolagçy hyzmatlary boýunça direktorynyň orunbasary Ma Szingýu aýtdy.
Ýan'an şäheri 1937-nji ýyldan 1947-nji ýyla çenli Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň ýerleşýän merkezi bolup, onuň çuňňur taryhy ähmiýeti bardyr.
Ýylyň ahyryna çenli birnäçe demir ýol ugurlarynyň açylmagy bilen Hytaýyň ýokary tizlikli demir ýolunyň uzynlygynyň 50 müň kilometrden geçmegine garaşylýar.







