Hytaýda 5G ulanyjylarynyň paýy 83.9 göterime ýetdi

Merkezi Kibergiňişlikler boýunça dolandyryş edarasynyň penşenbe güni beren maglumatyna görä, 2021-nji – 2025-nji ýyllary öz içine alýan 14-nji bäşýyllyk maksatnamanyň dowamynda Hytaýda 5G ulanyjylarynyň paýy 15 göterimden 83.9 göterime çenli ýokarlandy.
Edaranyň Maglumatlaşdyrma ösüşi boýunça gullugynyň ýolbaşçysy Wen Ruisong soňky bäş ýylda Hytaýda ýokary tehnoligiýaly we toplumlaýyn maglumat infrastrukturasynyň gurluşygynyň çaltlandyrylandygyny, dünýäde iň uly we ösen, giň zolakly süýümli optiki kabelleriň hem-de mobil aragatnaşyk ulgamynyň döredilendigini aýtdy.
Wen Ruisongyň sözlerine görä, bu döwürde gigabit giň zolakly aragatnaşyk usulyny ulanyjylaryň sany 6.4 milliondan 239 milliona çenli artdy. Zatlaryň internetini (IoT) ulanyjylaryň sany bolsa 1 milliard 136 milliondan 2 milliard 9 ýüz milliona çenli köpeldi. Bu ösüş ýokary tehnologiýaly arabaglanyşyk döwrüne geçişiň çaltlanandygyny görkezýär.
Şeýle-de Wen Ruisong, Hytaýyň tor infrastrukturasynyň hil taýdan kämilleşendigini belläp, Internet Protokolynyň 6-njy wersiýasyny (IPv6) ulanyjylarynyň sanynyň bäş ýylyň dowamynda 462 milliondan 868 milliona çenli artandygyny belledi.
Şol bir wagtyň özünde, hasaplaýyş infrastrukturasynyň möçberi we kuwwaty hem ep-esli ýokarlandy. Häzirki wagtda Hytaýda işjeň hasaplaýyş merkezlerinde 12.5 million standart stellažlar işleýär, kompýuter ulgamynyň ýokary tehnologiýaly hasaplaýyş tizligi bolsa 1 053 derejä (EFLOPS) ýetdi.







