Hytaý ýokary tehnologiýalar arkaly oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmagy tizleşdirýär

Dekabr 26, 2025 | 15:40 |103
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaý döwleti 2025-nji ýylda oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak işlerini tizleşdirýär, ýokary tehnologiýalar arkaly ekerançylyk we öri meýdanlarynda hem-de balykçylyk hojalyklarynda önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrýar.

Hytaýyň gündogarynda ýerleşýän Fuszian welaýatynda, 6 667 gektar meýdanda ösdürilip ýetişdirilen sitrus miwelerini indi el güýji bilen däl-de, awtomatlaşdyrylan arabajyklaryň we agyr ýük göteriji dronlaryň kömegi bilen ýygnaýarlar. Hytaýyň demirgazygynda ýerleşýän Içki Mongoliýa Awtonom welaýatynda bolsa çopanlar, ýan telefonlaryna birikdirilen mal boýun halkalary arkaly öz mallaryna edil häzirki wagtda gözegçilik edip bilýärler. Hytaýyň gündogarynda ýerleşýän Sziansu welaýatynda öňdebaryjy balykçylyk hojalyklarynda suwuň ýagdaýyna uzakdan gözegçilik etmek we dogry iýmitlendirmek arkaly ýetişdirilýän leňňeçleriň möçberini 20 göterim artdyrmak meýilleşdirilýär.

2021-nji – 2025-nji ýyllary öz içine alýan 14-nji Bäşýyllyk maksatnamasynyň döwründe oba hojalygyny ösdürmek boýunça Hytaýda 104 sany möhüm tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly öňegidişlik gazanyldy. Emeli intellekt ornaşdyrylan gözegçilik ulgamlary hem-de 62 görnüşli ösen tehnologiýaly enjamlar işlenip düzüldi. Ýurtda dürli sebitlere we önümçilik aýratynlyklaryna laýyklykda 116 sany milli oba hojalyk görkezme taslamalary işe girizildi. Häzirki wagtda 30-dan gowrak möhüm tehnologiýalar ýurt boýunça giňden ornaşdyrylyp, olaryň ulanylyş derejesi 95 göterimden geçýändir.

Oba hojalygynda ýokary tehnologiýalary önümçiligiň ähli tapgyrlarynda ulanylýar. “Emeli Intellekt+” tutumy arkaly ösdürip ýetişdirmekden başlap, gaýtadan işlemek we bazara çykarmaga çenli 16 sany iş tejribeleri geçirildi. Şeýle hem täze üç ýyllyk meýilnama boýunça iri fermalary, öri meýdanlaryny we balykçylyk hojalyklaryny ökde dolandyrmak maksady bilen 1 500-den gowrak hünärmenleri taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Beýleki habarlar