Hytaýyň tiz eltip gowşuryş pudagynda daşky gurşawa zyýansyz gaplamalar ýol alýar

Dekabr 26, 2025 | 15:37 |100
CCTV logo
Çeşme: cctv.com

 


Döwlet Poçta gullugynyň maglumatlaryna görä, Hytaýyň 2021-nji – 2025-nji ýyllary öz içine alýan 14-nji bäşýyllyk maksatnamasy döwründe tiz eltip gowşurylýan harytlary daşky gurşawa zyýansyz gaplara gaplamakda möhüm öňegidişlikler gazanyldy.

“Täze tehnologiýalaryň we gaýtadan ulanmak çözgütleriniň giňden ornaşdyrylmagy gaplamalaryň azaldylmagyna hem-de gaýtadan işlenmegine we täzeden ulanylmagyna itergi berdi” diýip, bu gullugyň Bazary kadalaşdyryş bölüminiň müdiri Lin Hu aýtdy.

Häzirki wagtda elektron ýol hatlary we gaýtadan ulanylýan geçiriş haltalary giňden peýdalanylýar, gaplamalaryň standartlaşdyrylma derejesi bolsa 86 göterime ýetdi. Gaplama gutularynyň gatlaklarynyň sany we haltalaryň galyňlygy öňkisine görä ýarysyndan gowrak azaldyldy, ýelimli lentanyň ini bolsa 25 göterim gysgaldyldy.

Ýokary tehnologiýaly gaplama algoritmleri material sarp edilişini 20 göterime çenli azaltmaga mümkinçilik berdi. Her ýyl 800 milliondan gowrak kagyz gutylary gaýtadan ulanylýar.

Lin Hu tiz eltip gowşurylýan harytlaryň gaplamalarynyň ekologiýa taýdan has arassa we gaýtadan ulanmaga amatly bolandygyny, şeýle hem emeli intellekt we uly maglumatlar ýaly häzirki zaman tehnologiýalarynyň pes uglerodly ösüşi goldamak bilen, logistika çykdajylaryny azaltmaga ýardam berendigini belledi.

Häzirki wagtda pudak boýunça 1 müňden gowrak daşky gurşawa zyýansyz önümleriň paýlaýyş merkezi, 12 müň 500-den gowrak ekologiýa taýdan arassa hyzmatlaryň nokatlary we 75 müňden gowrak täze hem-de arassa energiýaly tiz eltip gowşuryş ulaglary hereket edýär.


Beýleki habarlar