Hytaýda ilkinji gezek million tonnalyk uglerodsyz polat önümçiligi ýola goýuldy

Hepdäniň sişenbe güni Hytaýyň Guandun welaýatynyň Žansiang şäherinde ilkinji gezek million tonnalyk uglerodsyz polat önümçiligi doly işe başlady. Bu üstünlik, ýurduň polat önümçilik pudagynda pes uglerodly önümçilige geçiş ýolunda möhüm ädim boldy.
Ýola goýlan täze önümçilikde wodorod esasly azaldyş we elektrik eretme tehnologiýasy ulanylýar. Bu ýerde adaty koks ýangyjynyň deregine wodorod ulanylýar, netijede bölünip çykýan kömürturşy gazynyň möçberi ep-esli azalýar.
Bu tehnologiýa Hytaýyň polat önümçilik pudagynyň ýerden gazylyp alynýan ýangyçlara bagly bolmagyny kem-kemden aradan aýyrmaga mümkinçilik berýär.
Wodorod esasly dik peçde öndürilen polat göz öňünde tutulan metallaşma derejesine ýetdi. Şeýle-de, elektrik peçleri ýaly ekologiýa taýdan arassa enjamlaryň ulanylmagy energiýanyň has tygşytly peýdalanylmagyna kömek edýär.
Adaty önümçilik usullary bilen deňeşdirilende, bu täze önümçilikde bölünip çykýan kömürturşy gazynyň möçberi 50 göterimden 80 göterime çenli azalýar.
“Bu million tonnalyk uglerodsyz polat önümçilik desgasy, bölünip çykýan kömürturşy gazynyň ýylda 3.14 million tonnadan gowrak möçberini azaldar. Bu görkeziji 2 müň inedördül kilometr meýdany tutýan tokaýlygyň dikeldilmegine deňdir. Bu desga polat öndüriji kärhanalary üçin pes uglerodly özgertmeleriň nusgalyk modeli bolup, pudagyň ýokary hilli ösüşine möhüm goşant goşýar” diýip, Hytaýyň “Baowu Steel Group Corporation Limited” kompaniýasynyň wekili Wan Honlian düşündirýär.







