Hytaýyň azyk önümleri ýokary howpsuzlyk ülňülerine laýyk gelýär

Dekabr 25, 2025 | 17:08 |115
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýyň azyk howpsuzlygynyň umumy ýagdaýy durnukly saklanýar. Bazara gözegçilik edýän edaralaryň sişenbe güni beren hasabatyna görä, tüwi, un we süýt önümleri ýaly esasy azyk harytlarynyň hili soňky bäş ýylyň dowamynda barha gowulanýar.

Pekinde geçirilen metbugat maslahatynda Bazar gözegçiligi boýunça döwlet edarasynyň wekili noýabr aýynyň ahyryna çenli milli azyk howpsuzlygyna gözegçilik geçirýän işgärleriň ýerlerde jemi 6.18 million önümlerde barlag geçirendiklerini habar berdi.

Şolaryň arasyndan 172.3 müň töweregi önümler talap edilýän ülňülere laýyk gelmedi. Bu görkeziji umuman alanymyzda 2.79 göterimde saklandy. Barlanan 39 esasy azyk toplumynyň 24-sinde düzgün bozulmalaryň möçberi 1 göterimden pes boldy. Bu ýyl düzgün bozulmalarda tüwi (0.17 göterim), un (0.01 göterim), ösümlik ýagy (0.66 göterim), et önümleri (0.52 göterim) we süýt önümleri (0.08 göterim) görkezip, esasy gündelik sarp edilýän harytlaryň hili ýokary derejede saklandy.

Çagalar üçin öndürilen ýerli süýt garyndylary aýratynlykda soňky dört ýylyň dowamynda hil taýdan 99.95 göterimden ýokary laýyklyk derejesini saklap gelýär. Bu bolsa degişli pudakda ýokary ülňüleriň durnukly berjaý edilýändigini görkezýär.

Şu netijeler bilen bir hatarda, degişli edaralar aýratyn üns merkezinde duran iki ugurda ýagny mekdep naharhanalaryndaky we onlaýn azyk söwdasyndaky gözegçiligi güýçlendirýärler.

Mekdep naharhanalary babatynda täze düzgünler girizildi. Beýleki jemgyýetçilik iýmit hyzmatlaryny hödürleýän ýerlere bildirilýän talaplar bilen deňeşdirilende, olardan işgärler üçin niýetlenen naharhanalar we köpçülikleýin naharhanalar ýaly has ýokary ülňüleri berjaý etmeklik talap edilýär.

“Esasan hem şertnama esasynda işleýän mekdep naharhanalarynda mekdep edaralarynyň özleri we hyzmat edýän kärhanalar azyk howpsuzlyk babatynda degişli ýolbaşçylary hem-de jogapkär işgärleri bellemeli. Bu çäre mekdepleriň dolandyryş jogapkärçiligini üçünji tarapa geçirmeginiň öňüni almak üçin zerurdyr,” diýip, Bazar gözegçiligi boýunça döwlet edarasynyň direktorynyň orunbasary Liu Szun belledi.

Mundan başga-da, Bilim ministrligi bilen birlikde bäş sany döwlet edarasynyň her çärýekde azyndan bir gezek bilelikdäki barlaglary geçirmegine ygtyýar berildi. Bu barlaglar býujet serişdeleriniň sarp edilişini, azyk üpjünçiligi we beýleki möhüm ugurlary öz içine alyp, döräp biläýjek howplary wagtynda ýüze çykarmaga we aradan aýyrmaga gönükdirilendir.

Elektron söwda arkaly satylýan azyk önümleri boýunça zerur howpsuzlyk jogapkärçiliklerini kesgitleýän täze düzgünleriň ýakyn wagtda kabul edilmegine garaşylýar. Bu düzgünler meýdançalaryň, ýerine ýetirijileriň we beýlekileriň borçlaryny belläp, gözegçiligi güýçlendirer hem-de onlaýn satuw bilen baglanyşykly azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen temmi çärelerini kesgitlär.

“Onlaýn tertipde ähli iş alyp barýanlar ýaýlyma başlamazdan ozal laýyklyk barlaglaryny geçirmelidir we haryt nusgalarynyň barlaglaryny tamamlan bolmalydyr. Şeýle hem, olar satylýan azyk önümleri barada doly we dürs maglumatlary bermelidir hem-de kanuna ýa-da howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelmeýän önümleri hödürlemekden saklanmalydyr,” diýip, Bazar gözegçiligi edarasynyň Azyk utgaşdyryş müdirliginiň başlygy Si Guan habar berdi.

Beýleki habarlar