Hytaýda öndürilen polat diregi Ýewropadaky deňiz ýel turbinasy üçin ulanyşa tabşyryldy

Ýewropadaky iň uly bitewi kuwwatly deňiz ýel turbinasynyň – Inch Cape deňiz ýel elektrik desgasynyň esasy bölegi bolan polat diregi Hytaýyň Guandun welaýatynyň Žuhai şäherinde ulanmaga gowşuryldy. Bu barada Hytaýyň Milli deňiz nebiti korporasiýasy sişenbe güni habar berdi. Polat diregi - deňizdäki ýel turbinalary üçin niýetlenen, diagonal daýançlar bilen birikdirilen, polatdan ýasalan üç aýakly, tor şekilli direg sütünidir.
Amala aşyrylan bu iş, Hytaýyň deňiz ýel energetikasy üçin ýokary derejeli esasy enjamlary öndürmek mümkinçiliginiň artandygyny subut edýän möhüm ädimdir.
Ulanyşa gowşurylan direg sütünleri üç sany “tor şekilli diregden” we 11 sany ýeke tar geçiş daýançlaryndan ybarat bolup, onuň umumy agramy 13 850 tonna ýetýändir. Direg sütüniniň beýikligi 95.19 metre barabardyr.
Bu direg sütünleri Hytaýly öndürijiler tarapyndan daşary ýurt müşderileri üçin öndürilen ilkinji polat sütünli ýel turbina diregi bolup, olaryň gurluşygy ýokary takyklygy we çylşyrymly tehnologiýalary talap edýär. Esasan hem galyň diwarly we özeni uly silindrli geçiş bölekleri, kebşirleme işlerini has-da kynlaşdyrýar.
“Biziň toparymyz, ýel turbinasynyň direg sütünini ýasamak üçin dünýäde ilkinji gezek “V şekilli” gurluşyk tehnologiýasyny ulanyp, modully öňünden gurnama we edil häzirki wagtda gözegçilik etmek usullary arkaly millimetrden hem ýakyn takyklygy gazandy. Şeýle hem -50 gradus temperaturada synagdan üstünlikli geçen ýokary berklikli polat kebşirleme tehnologiýasy işlenip taýýarlandy. Bu bolsa direg sütünleriniň doly ýerli serişdeler bilen öndürilmegine mümkinçilik berdi. Kebşirleme işleriniň ilkinji synagda kabul edilme derejesi 99 göterimden ýokary boldy” diýip, taslama ýolbaşçysynyň orunbasary Luo Sianmin gürrüň berdi.







