Mümkincilikleri açmak başlangyjy Hytaýda innowasiýalaryň giňden ulanylmagyny ýokarlandyrýar

Dekabr 24, 2025 | 19:50 |113
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Syýasatyň gözükdirmeleri bilen bazar güýçleriniň utgaşykly hereket etmegi Hytaýyň dürli sebitlerini öz serişdelerine we senagat binýadyna laýyklykda mümkinçilikleri açmak boýunça tapawutlanýan ugurlary döretmegi höweslendirdi. Bu çemeleşme innowasiýalary iş ýüzünde durmuşa geçirmeklikde ýardam berýär.

Gündogar Hytaýyň Szýansu welaýatynyň Nankin şäherinde suw hojalygy babatyndaky kompaniýasy ýerli senagat programma üpjünçiligini ulanmaga başlady. Suw hojalygynda amaly mümkinçilikleriň açylmagy bilen, Nankin şäheri daşary ýurt enjamlaryna we ülňülerine bolan öňki garaşlylygyny kem-kemden azaltmak arkaly ýerli çözgütlerde bar bolan täze mümkinçiliklerden peýdalanýar.

“Hytaýyň suw hojalygynda ulanylýan enjamlaryň köpüsi daşary ýurt öndürijilerine degişli bolup, potratçylary saýlamak boýunça ülňülerimiz hem olaryň talapalaryna laýyk bolmalydy. Mümkinçilikleri açmak we tehnologiýalary tiz täzeläp durmak arkaly biz indi öz ülňülerimizi döretmäge we tehnologiýa önümlerimiz üçin täze ekoulgamy kemala getirmäge taýýardyrys,” diýip, Nansin Suw Senagaty Barlag Institutynyň wekili Çai Çunýan aýtdy.

Mümkinçilikleri açmagyň peýdaly tarapy ýöriteleşdirilen zerurlyklary kanagatlandyrmakda hem aýdyň görünýär. Şu ýylyň awgust aýynda Nankin şäheri ilkinji gezek suw we kenar zolaklaryny birleşdirýän pes belentlikdäki amaly mümkinçiliklerini ornaşdyrdy. Ýanszi derýasynyň Nankin böleginde indi gämileriň haryt üpjünçiligi üçin duralga girmek zerurlygy galmady. Dronlar ter gök önümleri, çalt taýýarlanylýan iýmitleri we beýleki harytlary gämilere eltip bilýärler. Sanly ulgam arkaly ýerleşiş tehnologiýasy bilen, dronlar düşürmek üçin bellenen ýeri takyk kesgitläp, “suw üstündäki eltip bermeleri” howpsuz ýagdaýda amala aşyrýarlar.

Pes belentlik ykdysadyýetiniň täze mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen, Nansin şäheri üç ýyllyk hereketler meýilnamasyny kabul etdi. Bu meýilnama Ýanszi derýasynyň ugry boýunça pes belentlikli akylly torlary dron barlaglary we zatlaryň internet tehnologiýalary bilen utgaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Netijede, pes belentlikdäki tiz eltip bermeler, syýahatçylyk uçuşlary we howa sporty ýaly täjirçilik hyzmatlary ösdürilýär.

“Täze mümkinçilikleriň döredilmegi bilen, döwlet syýasatlary bilen kärhanalaryň özara gatnaşyklary has-da pugtalanýar. Hökümet kärhanalary özüne çekýän meýdançalary bilen üpjün edýär. Kompaniýalar bolsa bu meýdançalarda öz pikirlerini, önümlerini we işewürlik ýollaryny synagdan geçirip, kämilleşdirip, netijede bazara çykaryp bilerler,” diýip, Nankin şäheriniň Senagat we Maglumat Tehnologiýalary müdirliginiň orunbasary U Gan belledi.

Hytaý boýunça beýleki sebitler hem ýerli şertlere laýyklykda täze amaly mümkinçilikleri öwrenýärler.

Guandun we Fujýan welaýatlary, şol sanda Dalýan şäheri deňiz ykdysadyýetindäki mümkinçilikleri ösdürip, uzak we çuň deňizlerdäki akwamedeniýeti, deňiz ýel energiýasyny we deňiz inženerçilik enjamlary ugurlarynda ýokary derejeli, “ýaşyl” we akylly özgertmeleri üns merkezinde saklaýarlar.

Şanhaý, Hanžou we Hefei ýaly sebit merkezleri şäher dolandyrylyşyna üns berip, akylly ulag ulgamlary we sanly hökümet hyzmatlary mümkinçilklerini kämilleşdirýärler. Bu bolsa sanly tehnologiýalaryň şäher ösüşi bilen goşulyşmagyny tizleşdirýär.

Jemgyýetçilik hyzmatlary ulgamynda Pekin, Çendu we Wuhan şäherleri akylly saglygy goraýyş we ýaş ululara hyzmat etmek ýaly ugurlarda täze mümkinçilikleri açýarlar.

“Biz 14-nji bäşýyllyk meýilnama döwründe okgunly işe başladyk. Täze senagatlary we işewürlik ýollaryny ösdürmekde, sanly ykdysadyýeti öňe sürmekde amaly mümkinçilikleri açmak boýunça öňdebaryjy orny alyp bardyk. Köp sebitler gymmatly tejribe toplady,” diýip, “Great Wall Strategy Consultants” kompaniýasynyň ýolbaşçysy U Wenşen habar berdi.

Institusional çaklamalara görä, 2026-njy ýyl mümkinçilikleri ösdürmek we açmak boýunça möhüm sene bolar. Milli strategiýalaryň durmuşa geçirilmegi bilen, mümkinçiliklere esaslanýan innowasiýa aýratyn üstünliklerden giň ekoulgamlaýyn ösüşe geçip, geljekki senagatlara, adaty pudaklaryň döwrebaplaşmagyna we şäher dolandyryşyna has güýçli itergi berer.

Beýleki habarlar