Şanhaý Ýanzy derýasynyň deltasyndaky innowasiýa ösüşinde liderligini berkidýär.

Dekabr 24, 2025 | 19:45 |125
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Dünýä derejesindäki ylym-tehnologiýa innowasiýa merkezine öwrülmegi maksat edinýän Şanhaý, Ýanszy derýasynyň deltasyndaky innowasion ösüşine möhüm ähmiýet bermek bilen, Hytaýyň ýokary hilli ykdysady ösüşine güýçli itergi berýär.

Hytaýyň ykdysady taýdan iň işjeň we innowasiýa taýdan güýçli sebitleriniň biri bolan Ýanszy derýasynyň deltasy ýurduň jemi içerki önüminiň takmynan dörtden bir bölegini tutýar. Bu giň sebitde innowasiýa özgertmeleriniň merkezindäki Şanhaý diňe bir ösüşe itergi bermän, eýsem goňşy welaýatlar üçin soňky tehnologiýalaryň möhüm çeşmesi hökmünde çykyş edýär.

Şu ýylyň 29-njy aprelinde Şanhaýa amala aşyran saparynyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin şäheriň halkara derejeli ylym-tehnologiýa innowasiýa merkezini gurmak boýunça taryhy wezipesini aýratyn belläp geçdi. Ol Şanhaýy täze mümkinçiliklerden işjeň peýdalanmaga, milli ösüş strategiýalary bilen sazlaşykly hereket etmäge, düýpli ylmy innowasiýa kuwwatyny güýçlendirmäge, ýokary derejeli senagatdaky öňdebaryjy ornuny pugtalandyrmaga we dünýä derejesinde netijeli innowasiýa merkezini tiz gurmaga çagyrdy.

Şanhaý 2012-nji ýylda geçirilen Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik Partiýasynyň 18-nji Milli Gurultaýyndan bäri ylym-tehnologiýa innowasiýasynyň milli merkezleriniň biri hökmünde ornuny yzygiderli berkitdi. Şäheriň öňdebaryjy orny Ýanszy derýasynyň deltasynda innowasiýa mümkinçilikleriniň artmagyna, sebitleriň senagat we ylmy taýdan täze derejä çykmagyna ýardam berdi.

Şanhaýyň innowasiýa kuwwatynyň aýdyň mysallarynyň biri hem, Çžanszýan ýokary tehnologiýalar parkynda ýerleşýän Şanhaý Sinhrotron Radiasiýa Desgasy bolup durýar. Bu desga 2009-njy ýylda işe girizilip, şu wagta çenli 20 müňden gowrak ylmy taslamany goldady. Şu ýylyň 11 aýynyň jemi boýunça onuň ulanyjylarynyň takmynan ýarysy Ýanszy derýasynyň deltasyndan gelip çykyp, desganyň sebitara ylmy hyzmatdaşlykdaky möhüm ornuny görkezýär.

Si Szinpin 2007-nji ýylda, Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik Partiýasynyň Şanhaý şäher komitetiniň sekretary bolup işlän döwründe, şeýle milli derejeli ylym-tehnologiýa taslamalaryna aýratyn ähmiýet berdi. Ol Şanhaýyň iri ylmy infrastrukturalary diňe bir aýratyn taslama hökmünde däl, eýsem milli ösüş strategiýalaryna hyzmat edýän möhüm meýdança hökmünde peýdalanylmalydygyny belledi.

Hytaý Inženerçilik Akademiýasynyň alymy Çžao Çžentanyň bu strategik pikirlenme diňe aýratyn taslamamalary tamamlamak bilen çäklenmeýändigini belledi. Mundan başgada, ol iri ylmy infrastrukturalary diňe aýratyn taslamalar hökmünde däl-de, eýsem has giň milli maksatlara hyzmat edýän meýdança hökmünde peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Bu çemeleşme innowasiýa esaslanýan ösüş üçin uzak möhletli strategik garaýşyň aýdyň beýanydyr.

Si Szinpin 2012-nji ýyldan bäri Şanhaýa birnäçe gezek baryp gördi. Ol 2014-nji ýylyň maýynda şäheriň ösüş strategiýasyny täze derejä çykaryp, Şanhaýy dünýä derejesinde öňdebaryjy ylym-tehnologiýa innowasiýa merkezine öwürmäge çagyrdy. Şeýlelik-de, şäheriň ösüş ýoly öňki “dört merkez” düşünjesinden ýagny ykdysadyýet, maliýe, söwda we ýük daşamakdan “bäş merkeze” geçirildi hem-de bu ýerde tehnologiýa innowasiýasy aýratyn orny eýeledi.

Si Szinpin 2018-nji ýylda Ýanszy derýasynyň deltasynyň bitewi ösüş milli strategiýa derejesine çykarylandan soň, sebitiň innowasion ekoulgamy bilen ýakyndan işleşmegiň ýygjamlaşdyrylmalydygyny belläp geçdi. Ol öňdebaryjy we innowasiýa merkezlerine baryp görüp, alymlar we ylmy işgärler bilen duşuşdy. Ol bu sebitiň diňe bir ýokary hilli önümleri öndürmän, eýsem Hytaýyň uzak möhletli ösüşini goldaýan ýokary derejeli tehnologiýalaryň möhüm çeşmesine öwrülmelidigini nygtady.

Bu strategiýa sebitleriň arasyndaky ylmy güýçleri birleşdirmegi, Şanhaýyň öňdebaryjy ornuny ýerli artykmaçlyklar bilen utgaşdyrmagy göz öňünde tutýandyr. Milli Innowasiýa Merkeziniň direktory Lýu Sin bu çemeleşmäniň Şanhaýyň diňe öz ösüşini däl, eýsem tutuş Ýanszy derýasynyň deltasynda innowasiýa mümkinçilikleriniň ýaýramagyny üpjün edýändigini belledi.

Häzirki wagtda Çžanszýan ýokary tehnologiýalar seýilgähinde her bir inedördül kilometrde ortaça bir kompaniýa ýerleşýär. Dünýäniň iň iri 20 sany derman önümçilik kompaniýalarynyň ýarysy bu ýerde açyk innowasiýa merkezlerini döretdi. Şeýle hem, park Hytaýyň iň iri 100 sany derman önümçilik kompaniýalarynyň 40 göteriminden gowragyny özünde jemleýär. Şanhaýda häzirki wagtda 20 sany iri ylym-tehnologiýa infrastruktura taslamasy dowam edýär, gurulýar ýa-da meýilleşdirilýär.

Ylmy netijeler hem ýokary derejede saklanýar. Şu ýylyň birinji ýarymynda Hytaý boýunça abraýly halkara žurnallarda çap edilen ylmy makalalaryň her üçüsinden biri Şanhaýda taýýarlandy. Şäherde 25 müňden gowrak ýokary tehnologiýaly kärhanalar bar we her gün ortaça 300-den gowrak täze kompaniýa peýda bolýar. Integrirlenen aýlawlar, biolukmançylyk we emeli intellekt ýaly esasy pudaklarda 800 müňden gowrak hünärmenler zähmet çekýärler.

Sebitara hyzmatdaşlygyň möhüm nusgasy bolan G60 Ylym we Tehnologiýalar Innowasiýa Gecelgesi häzirki wagtda Hytaýyň ýokary tehnologiýaly kärhanalarynyň ýediden birini we NASDAQ-a meňzeş tehnologiýalar topary bolan STAR bazarynda hasaba alnan kompaniýalaryň bäşden birini özünde jemleýär.

Şanhaýyň Lingan ýörite zolagyndaky Uly Uçar Senagat Parky daş töwereginde, ýokary tizlikli otly arkaly üç sagatda baryp bolýan çäkde, Hytaýyň uçarlary ýygnamak bilen meşgullanýan kärhanalaryň üçden biri ýerleşýär. Bu ýagdaý senagat hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrýar.

Şanhaýyň ýolbaşçylygynda Ýanszy derýasynyň deltasynda 24 sany innowasiýa kärhanalar bileleşigi döredilip, olar ylym-barlag işinde, senagatda we tehnolgiýany paýlaşmakda sebitara hyzmatdaşlygy ýola goýýar. Şanhaý we Hefei şäherlerindäki iki sany milli köpugurly ylmy merkezleri bilelikde ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar we şol bir wagtyň özünde sebit boýunça 56 müňden gowrak iri ylmy enjam bilelikde ulanylýar.

Mundan başga-da, Öňdebaryjy Tejribeler boýunça Milli Innowasiýalar Merkezi 200-den gowrak milli we daşary ýurt uniwersitetleri hem-de ylmy-barlag edaralary bilen hyzmatdaşlyk edip, 600 golaý öňdebaryjy kärhanalar bilen bilelikdäki innowasiýa merkezlerini döretdi.

Bu ösüşler halkara derejesinde hem ykrar edilýär. Bütindünýä Intellektual Eýeçilik guramasynyň “Ählumumy Innowasiýa Indeksi 2025” hasabatynda Şanhaý–Suçžou innowasiýa klasteri dünýäde altynjy orny eýeledi. Şeýle hem Hançžou, Nanžin we Hefei şäherleri öňdebaryjy innowasiýa merkezleriniň hatarynda görkezildi.

Soňky Merkezi Ykdysady Işler Maslahaty Şanhaýda we Ýanszy derýasynyň deltasynda halkara derejeli ylym-tehnologiýa innowasiýa merkezini ösdürmegiň strategik ähmiýetini aýratyn nygtady. Şeýle-de sebit ilkinji sapar utgaşdyrylan kanunçylyk binýadyny kabul edip, syýasaty utgaşdyrmakdan başga institusional we düzgünlere esaslanýan hyzmatdaşlyga ýola goýdy.

Geljekde Şanhaý we goňşy welaýatlar ylmy innowasiýa bilen senagat ösüşiniň has-da jebisleşmegine, Şanhaý-Ýanszy derýasynyň deltasy halkara derejeli innowasiýa merkeziniň gurluşygynyň tizleşdirilmegine we Hytaýyň ylym-tehnologiýa taýdan güýçli döwlet hökmünde ornuny berkitmäge gönükdirilen işleri dowam etdirer.

Beýleki habarlar