Özbegistan–Hytaý syýahatçylyk ýyly syýahatçylaryň sanyny artdyrdy

Özbegistanyň hökümet wekilleri Hytaýda geçirilen Özbegistan Syýahatçylyk ýyly başlangyjynyň üstünlikli tamamlanandygyny we bu çäräniň ýurda gelýän syýahatçylaryň sanynyň ep-esli artmagyna goşant goşandygyny bellediler. Bir ýyl dowam eden çäräniň ýapylyş dabarasy duşenbe güni Pekinde geçirildi.
Çärä 400-den gowrak wekil gatnaşdy. Dabarada Hytaýyň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Gao Çžen hem-de Özbegistanyň Hytaýdaky ilçisi Farhod Arziýew çykyş etdiler.
Olaryň ikisi hem çykyşlarynda Syýahatçylyk ýylynyň aýratyn möhüm üstünlikleriniň üstünde durup geçdiler. Hususan-da, iýun aýynda güýje giren özara wizasyz tertip syýahatçylygyň ýeňilleşdirilmegine uly ýardam berdi.
Dabaranyň dowamynda Özbegistanyň gündogaryndaky Fergana we Namangan welaýatlarynyň wekilleri sebitleriň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyryp, hytaýly syýahatçylary has köp çekmegi we iki ýurt arasynda işewür hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edindiler.
Namangan welaýatynyň syýahatçylyk müdirliginiň başlygy Otabek Rasulow hytaýly syýahatçylaryň sebitine gelýän sanynyň saldamly derejede artandygyny belledi.
“Soňky ýyllarda Özbegistana gelýän hytaýly syýahatçylaryň sany yzygiderli artýar. Munuň aýdyň mysaly, Namangan welaýatynda 65 ýyldan bäri geçirilýän Halkara Gül baýramçylygydyr. Şu ýyl bu baýramçylyga 250 sany hytaýly syýahatçylar gatnaşdylar. Umuman aýdanymyzda, ýylyň dowamynda Namangan welaýatyna 1 müňden gowrak hytaýly syýahatçy geldi,” diýip, Rasulow belledi.
Maglumatlara görä, ýylyň dowamynda Hytaýly syýahatçylaryň Özbegistana gelýän sany takmynan dört esse artdy. Köp bilermenler Syýahatçylyk ýylynyň mirasynyň geljekde hem ösüşiniň dowam etjekdigine ynanýarlar.
“Syýahatçylyk ýyly we onuň çäginde geçirilen çäreler, sergiler, syýahatçylyk tanyşdyryşlary hem-de işewür duşuşyklar durnukly ösüş üçin berk binýat döretdi. Wizasyz tertibiň girizilmegi aýratyn peýdaly boldy. Şu ýylyň 11 aýynyň jeminde takmynan 350 müň hytaý raýaty Özbegistana geldi, olaryň 250 müňe golaýy syýahatçylardyr. Bu görkeziji 3,7 esse ösüş depginini görkezýär. Bu örän oňyn ugur we geljek ýyl bu san 400 müň, hatda 500 müňe ýetmegini umyt edýäris,” diýip, Özbegistanyň Syýahatçylyk komitetiniň başlygynyň geňeşçisi Feruz Dodiýew belledi.
Çäräniň çäklerinde özbek milli tanslary görkezildi we geljek ýyl üçin Hytaý bilen Özbegistanyň arasyndaky täze medeni we syýahatçylyk taslamalarynyň tapgyry bilelikde işe girizildi.
Häzirki wagtda Hytaý Özbegistanyň iň uly söwda hyzmatdaşyna we möhüm maýadaryna öwrüldi. Şeýle hem Hytaý–Gyrgyzystan–Özbegistan demirýol taslamasynyň durmuşa geçirilmegi sebitara arabaglanyşygy has-da güýçlendirmegine garaşylýar. Iki tarap bilim, medeniýet, syýahatçylyk we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegi hem-de halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmagy ylalaşdylar.







