Birža söwdalaryna gatnaşmaklygy maliýeleşdirmekde Gonkong 2025-nji ýylda dünýäde birinji orny eýeledi

Dekabr 24, 2025 | 14:50 |103
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Birža söwdalary boýunça Gonkong 2025-nji ýylda dünýäde iň oňaýly ýer hökmünde ykrar edildi, rekord goýan ortaça bir günlük söwda möçberleri we maliýe toplamak derejesi geçen ýyl bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarlandy diýip, Gonkong biržasy duşenbe güni habar berdi.

Üstümizdäki ýylyň 19-njy dekabryna çenli Gonkong biržasynyň söwdalaryna 106 sany täze kompaniýalar goşulmak bilen birža söwdalarynyň möçberi jemi 274.6 milliard Gonkong dollaryna (35.29 milliard ABŞ dollaryna) barabar boldy. Olaryň arasynda dört sany kompaniýa 2025-nji ýylda birža söwdalaryna ilkinji gezek goşulan dünýäniň iň iri kompaniýalarynyň hataryna girdi. Gonkong biržasynyň habaryna görä, bu biržada sanawa alnan kompaniýalar goşmaça teklipler boýunça 66 milliard ABŞ dollaryny topladylar, bu bolsa Gonkongyň maliýe bazarlarynyň işjeňligini we giňligini görkezýändir.

Berilýän maglumatlara salgylansaň, pul bazarynda 2025-nji ýylyň ilkinji 11 aýynda ortaça bir günlük dolanşygyň möçberi 230.7 milliard Gonkong dollaryna ýetendigi, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 43 göterim artandygy görkezilýär.

2025-nji ýylda “DeepSeek pursadyndan” ruhlanan Gonkong biržasynda innowasion tehnologiýalar taslamalary we giň gerimli bazar özgertmeleri boýunça uly möçberdäki maliýe geleşikleri geçirildi. Gonkong biržasynyň habaryna görä, biržanyň Sanaw Düzgünleriniň 18A we 18C baplarynyň işe girizileni bäri, 88 sany biotehnologiýa we ýöriteleşdirilen tehnologiýa kompaniýalary Gonkong biržasynyň sanawyna goşuldy, bu bolsa öňdebaryjy pudaklara maýadarlaryň uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýändir.

Beýleki habarlar