Hytaýly alymlar ýalňyşlyklaryň kwant düzedilişinde uly öňegidişlik gazandylar

Hytaýyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň alymlary ýokary geçiriji kwant zynjyrlaryny ulanyp, ýalňyşlyklaryň kwant düzedilişinde uly öňegidişlik gazandylar. Ylmy topar 300 nanosekundda diňe 0.95 göterime çenli nätakyklygy goýberýän 107 kubitli Zuchongzhi 3.2 prosessoryny ulandy.
7 aralykly kodda, doly mikrotolkunly maglumat syzdyrmasynyň öňüni alyş gurluşyny ornaşdyrmak arkaly, kod aralygy artansoň, logiki ýalňyşlyk derejesiniň ep-esli azalmagyny gazandylar. Geçirilen barlaglardan alnan netijeler ulgamyň ýalňyşlyklarynyň kwant düzediş çäginden aşakda işleýändigini tassyklady, bu bolsa kwant hasaplamalaryny iş ýüzünde ulanmaga geçirmek üçin möhüm tapgyrdyr.
“Saýlaw nokadynda köp sanly adamlaryň ses berişini göz öňüne getiriň. Eger her bir saýlawçynyň pikir ýöredişi dogry bolanda, umumy berlen sesler hem dogry bolup biler; Eger-de her bir saýlawçy nädogry pikir ýöretse, onda ses beren saýlawçylaryň umumy netijesiniň hem takyklygy pese gaçar. Şonuň üçin toparyň artykmaçlygy diňe her bir saýlawçynyň sesiniň takyklygy belli bir çäkden geçende ýüze çykýar. Başgaça aýdylanda, kubitler näçe köp bolsa, ýalňyşlyklar şonça-da köp düzedilýär we netije has takyk bolýar” diýip, Hytaýyň Ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň professory Çžu Siaobo düşündirdi.
Bu öňegidişlik million kubitli kwant kompýuterleriniň geljekki ösüşine hem ýardam berer.







