Hytaýyň ýokary kanun çykaryjy edarasy hemişelik komitetiň mejlisini geçirdi

Dekabr 23, 2025 | 18:40 |93
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hepdäniň duşenbe güni Hytaýyň ýokary kanun çykaryjy edarasy birnäçe kanun taslamalaryny we hasabatlary gözden geçirmek maksady bilen nobatdaky mejlisine başlady. Milli Halk Wekilleriniň Mejlisiniň Hemişelik komitetiniň başlygy Žao Lesi komitetiň 19-njy mejlisiniň birinji umumy ýygnagyna ýolbaşçylyk etdi.

Kanun çykaryjylar daşky gurşawy goramak boýunça kodeksiň taslamasyny, etniki bitewiligi goldamak, milli ösüş meýilnamasyny düzmek, howply himiki maddalaryny dolandyrmak, döwlet eýeçiligindäki emläkler we çagalara ideg etmek hyzmatlary baradaky kanunçylyk namalarynyň taslamalaryny, şeýle hem Antarktikada geçrilmeli işler we daşky gurşawy goramak baradaky kanunyň taslamalaryny gözden geçirdiler.

Şonuň ýaly-da balykçylyk, raýat awiasiýasy, Hytaýyň gepleşik we ýazuw dili, daşary söwda we bank gözegçiligi ýaly ugurlary öz içine alýan birnäçe taslama düzedişleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

“Hytaýy güýçli söwda ýurdy hökmünde ösdürmek maksady bilen, Komitet halkara maliýe hyzmatlaryny ösdürmek, sanly söwdany we ekologiýa taýdan arassa söwdany öňe sürmek hem-de zehinleriň ösüşini goldamak üçin düzgünleriň girizilmegini teklip edýär” diýip, 14-nji Milli Mejlisiniň Konstitusiýa we hukuk komitetiniň başlygynyň orunbasary He Ping aýtdy.


Şeýle hem mejlisde ýolagçylaryň hukuklaryny berkitmekligi we sürüjisiz uçýan howa ulaglary üçin täze standartlaryny teklip edýän Raýat awiasiýasy kanunynyň üçünji taslamasy gözden geçirildi.

Antarktikadaky işler we daşky gurşawy goramak kanunynyň taslamasy az uglerodly işleri höweslendirmek bilen birlikde ylmy-barlag işlerini, syýahatçylygy we balykçylygy has gowy düzgünleşdirmegi göz öňünde tutýandyr.

“Kanun taslamasynda ekologiýa taýdan arassa we az uglerodly işler öňe sürülýär, daşky gurşawy goramak talaplaryny güýçlendirmek teklip edilýär. Şonuň ýaly-da barlag mehanizmlerini döretmek, bikanun balyk tutmaga garşy barlyşyksyz göreşmek we gözegçiligi güýçlendirmek, şeýle hem ylmy barlaglary we kärine ussat işgärleri taýýarlamak teklip edilýär” diýip, 14-nji Milli Mejlisiň Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary gorap saklamak komitetiniň başlygy Lu Szinşe aýtdy.

Ekologiýa we Daşky gurşawy goramak kodeksi üçünji gezek gözden geçirilmäge hödürlendi. Iri ýabany haýwanlar bilen baglanyşykly ýygy-ýygydan bolýan hadysalara jogap hökmünde kodeks taslamasyna ýörite düzgünler hödürlenýär. Şeýle hem önümçilik galyndylaryny daşamak boýunça düzgünleriň berkidilmegi we oba hojalygynda suwy peýdaly ulanmak boýunça täze düzgünleriň girizilmegi teklip edilýär.

Komitetiň mejlisi 27-nji dekabra çenli dowam eder. Kanun çykaryjylar 2026-njy ýylyň hukuk ulgamyny düzýän dürli kanun taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmagy dowam etdirerler.

Beýleki habarlar