Hytaýda metanolda işleýän dünýäde ilkinji ägirt uly nebit tankeri ulanyşa tabşyryldy

Dekabr 23, 2025 | 18:35 |91
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


 

Hytaý öndürijileri tarapyndan özbaşdak işlenip düzülen we gurlan, dünýäde ilkinji metanol ýangyçly, öňdebaryjy tehnologiýaly ägirt uly nebit daşaýjy tankeri duşenbe güni Liaonin welaýatynyň Dalian port şäherinde ulanyşa tabşyryldy.


Bu Hytaýyň gämi gurluşyk pudagynda möhüm öňegidişlik bolup, onuň dünýä bazarynda bäsdeşlik kuwwatyny has-da berkitdi.


“Kai Tuo” atly ägirt uly gämi CSSC Dalian Shipbuilding Industrial Development Co., Ltd. Kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi we guruldy. Gäminiň uzynlygy 333 metr, ini bolsa 60 metr bolup, ol 2.1 million barrele çenli nebiti daşamaga niýetlenendir.

Adaty uly göwrümli nebit tankerleri bilen deňeşdirilende, bu gäminiň deňizde ýüzüş we portlara baryp ýerleşmek boýunça uly mümkinçilikleri bardyr.


Bu gämi ýurtda öndürilen metanol ýangyçly hereketlendirijiler we metanol üpjünçilik ulgamy bilen enjamlaşdyrylyp, daşky gurşawy goramakda halkara standartlaryna laýyk gelýändir.


“Biziň gämimiz metanol ýangyjynda işleýär, bu bolsa adaty ýangyçlar bilen deňeşdirilende kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny 92 göterime çenli azaltmaga, kükürt oksidlerini bolsa 99 göterime çenli azaltmaga mümkinçilik berýär,” diýip, gämi gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy Li Simin aýtdy.


Daşky gurşawy goramakda amatly aýratynlyklaryndan başga-da, bu nebit tankeri ýurtda öndürilen gämi platformasy we birnäçe intellektual ulgamlar bilen üpjün edilendir. Bu gäminiň Ýakyn Gündogardan Uzak Gündogar aralygynda gatnamagy göz öňünde tutulýar diýip, gämi gurluşyk kompaniýasy habar berdi.

Beýleki habarlar