Hytaýda suwdan elektrik energiýasynyň öndürilişi ilkinji on aýda 1.6 göterim artdy

Dekabr 23, 2025 | 18:35 |79
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Energetika pudagynyň soňky maglumatlaryna görä, Hytaýda şu ýylyň ilkinji on aýynda suwdan elektrik energiýasynyň öndürilişi 1.13 trillion kilowat-sagata ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1.6 göterim ýokarlandy.

Hytaýyň Elektrik energiýasy Geňeşiniň maglumatlaryna laýyklykda, şu ýyyň oktýabr aýynyň ahyryna ýurtda suwdan öndürilen elektrik energiýasynyň kuwwaty 444 million kilowata ýetdi. Hytaý indi 22 ýyl bäri dünýäde iň uly gidroenergiýa kuwwaty bolan ýurt hökmünde öňdebaryjylygyny saklap gelýär.

2021-nji – 2025-nji ýyllary öz içine alýan 14-nji Bäşýyllyk maksatnamasynyň çäklerinde Hytaý suwdan öndürilen elektrik energiýasynyň paýlanyşyny yzygiderli kämilleşdirýär. Pudakda ýokary hilli özgerişler geçirilip, ýurduň energetika ulgamynyň ekologiýa taýdan arassa we pes uglerodly derejä eltmekde düýpli öňegidişlik gazandy.

Beýleki habarlar