Hytaýyň merkezi banky bir gezeklik karzy dikeldiş syýasatyny girizdi

Dekabr 23, 2025 | 18:25 |97
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hepdäniň duşenbe güni Hytaýyň merkezi banky özüniň resmi internet sahypasynda bir gezeklik karzy dikeldiş syýasatyny işe girizýändigini yglan etdi. Girizilen bu syýasat geçmişde karzy yzyna gaýtarmakda mesele döreden, emma häzirki wagtda bergilerini yzygiderli üzýän raýatlara özleriniň karz alyş abraýyny dikeltmäge mümkinçilik berýär.

Hytaýyň Halk banky tarapyndan girizilen syýasata laýyklykda, eger-de raýatyň 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan 2025-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda banka bergisiniň möçberi 10 müň ýuandan (1420 ABŞ dollaryndan) geçmeýän bolsa, we raýat banka bergisini 2026-njy ýylyň 31-nji martyna çenli doly üzse, şeýle ýagdaýda karz boýunça maglumatlar ulgamynda raýatyň şol wagtynda tölemedik karzy barada maglumat görkezilmez.

Bu syýasat maliýe edaralarynyň görnüşini ýa-da iş ugurlaryny tapawutlandyrmazdan ýöredilmelidir, şeýle hem bank amallarynyň sanyna çäklendirme girizilmeýär. Şeýle-de, raýatlardan hiç hili arzanyň tabşyrylmagyny ýa-da goşmaça resminamalaryň berilmegini talap edilmeýär. Karz barada maglumatlar ulgamy her bir degişli ýagdaýy awtomatiki usulda anyklap, şoňa laýyklykda iş geçirýär.

“Karzlar indi durmuşymyzyň ähli ugurlaryna ornaşdy. Bu syýasat anyk “gyzyl çyzygy” kesgitleýär: banka bergisini heniz üzmedik raýatlar karzy dikeldiş ulgamyna girizilmeýär. Anyk çäreleri görmek bilen, karz beriş ulgamy şol bir wagtyň özünde hem “zalym”, hem-de “hoşniýetli” bolup biler,” diýip, China Galaxy Securities kompaniýasynyň baş ykdysadyýetçisi Žang Szun belledi.

Beýleki habarlar