Hytaý Ýewropa Bileleşiginden getirilýän süýt önümlerine paçlary girizýär

Dekabr 23, 2025 | 18:20 |76
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaý şu ýylyň 23-nji dekabryndan başlap Ýewropa Bileleşiginden getirilýän käbir süýt önümlerine 21.9 göterimden 42.7 göterime çenli wagtlaýyn gümrük paçlaryny girizýär. Bu barada Hytaýyň Söwda ministrligi duşenbe güni habar berdi. Girizilen çäreler, öndürijiniň döwlet tarapyndan goldaw alandygyny anyklamak maksady bilen bir ýyl mundan öň başlanan deslapky derňewiň netijelerine esaslanýandyr.

Ministrlik 2024-nji ýylyň 21-nji awgustynda Hytaýyň Süýt birleşiginiň we Hytaýyň Süýt önümçilik birleşiginiň ýüztutmasy boýunça Ýewropa Bileleşiginden getirilýän käbir süýt önümleri boýunça döwlet tarapyndan goldaw alnandygyny anyklaýyş derňewine başlapdy. Bu barada ministrligiň metbugat wekili köpçülikleýin habar beriş serişdelerine habar berdi.

Ministrligiň wekili derňew işi başlanandan soňra, ministrlik tarapyndan barlaglaryň adalatly, ýüzgörmesiz we aç-açan ýagdaýda alnyp barylandygyny, şol bir wagtyň özünde Hytaýyň kanunlaryna hem-de Bütindünýä Söwda Guramasynyň degişli düzgünlerine salgylanyp geçirilendigini aýtdy. Şeýle-de, ähli gyzyklanýan taraplaryň hukuklarynyň doly goralandygyny aýtdy.

Deslapky subutnamalar esasynda Ýewropa Bileleşiginden getirilýän süýt önümleri üçin öndürijiniň döwlet tarapyndan goldaw alandygyny, munuň bolsa Hytaýyň içerki süýt pudagyna uly zyýan ýetirendigini we bu alnan goldaw bilen ýetirilen zyýanyň arasynda arabaglanyşygyň bardygyny ministrligiň wekili habar berdi.

Metbugat wekili degişli düzgünlere laýyklykda, ministrlik duşenbe güni deslapky çözgüdini yglan edendigini we wagtlaýyn garşylyklaýyn çäreleri girizmek barada netijä gelnendigini aýtdy.

Ministrligiň wekiliniň bellemegine görä, 2025-nji ýylyň başyndan bäri Hytaý Ýewropa Bileleşigine garşy söwdany goramaklyk babatynda hiç hili täze derňewleri başlatmandy. Diňe konyak, polioksimetilen kopolimeri we doňuz etiniň bahalaryny içki bazara görä sazlamak boýunça jemleýji çözgütler kabul edildi.

Şol bir wagtyň özünde, Ýewropa Bileleşigi Hytaýa garşy 18 sany söwdany goramaklyk işinde wagtlaýyn paçlary, 18 sany işde ahyrky paçlary hem girizdi we 15 sany täze derňew işini açdy. Olaryň üçüsi anna güni başlady diýip, ministrligiň wekili belläp geçdi.

Minstrligiň wekili Hytaýyň söwdany goramak çärelerini yzygiderli berjaý edýändigini we Ýewropa Bileleşigi bilen söwda jedelleriniň özara maslahatlaşmak arkaly çözülmegine ygrarlydygyny aýtdy.

Beýleki habarlar