Hytaýda howa gatnawlary arkaly ýük daşamalary ýylyň ilkinji 11 aýynda 13.6 göterim artdy

Dekabr 22, 2025 | 19:30 |98
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Hytaýda howa gatnawlary arkaly ýük daşamalaryň möçberi ýylyň başyndan bäri yzygiderli artýar. Hytaýyň Raýat Awiasiýasy Müdirliginiň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ýanwar - noýabr aýlary aralygynda howa gatnawlary arkaly daşalan ýükleriň möçberi 9.243 million tonna ýetip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 13.6 göterim ýokarlandy.

Üstümizdäki ýylyň ilkinji 11 aýynda halkara gatnawlary ösüşe itergi beren esasy güýç boldy. Bu döwürde halkara howa gatnawlary arkaly ýük daşamalaryň möçberi ýyllyk hasapda 21.8 göterim artdy.

“Sarp edijilik pudagynyň yzygiderli ösmegi, halkara elektron söwdasynyň we azyk önümleriniň üpjünçiliginiň artmagyna hem-de beýleki ugurlaryň öňe gitmegine itergi berdi. Bu ýagdaý halkara howa gatnawlary arkaly ýük daşamalaryň ösüş depginini saklamagyna mümkinçilik döretdi” diýip, Hytaýyň Raýat awiasiýasynyň Ylym we tehnologiýa akademiýasynyň ýanyndaky Howa ulaglary boýunça ylmy-barlag institutynyň baş ykdysadyýetçisi Žong Şan aýtdy.

Şu ýylyň ýanwar aýyndan noýabr aýlary aralygynda Hytaýyň awiakompaniýalarynyň howa gatnawlary arkaly ýük daşamalarynyň sany hem artdy. Howa gatnawlary arkaly 70 ýurduň 170 şäherine ýük daşaldy. Bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende goşmaça 8 ýurda we 27 sany şähere ýük daşalandygyny görkezýändir. Howa gatnawlary arkaly ýük daşamalarynyň ortaça hepdelik sany hem geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 15.7 göterim ýokarlandy.

Soňky 11 aýda onlaýn söwda we dessine bölekleýin söwda ýaly söwdanyň täze usullarynyň ýol almagy howa gatnawlary arkaly ýük daşaýyş pudagynyň yzygiderli ösmegine itergi berdi.

Beýleki habarlar