Haýnanyň Ýanpu porty konteýnerleri daşamakda täze sepgide ýetdi

Hytaýyň günortasyndaky Haýnan welaýatynyň Dançžou şäherinde ýerleşýän Ýanpu Halkara konteýner porty penşenbe güni möhüm sepgide ýetdi. Bu portda konteýnerleri daşamaklygyň ýyllyk möçberi ilkinji gezek üç milliondan geçip, resmi taýdan iri halkara portlaryň hataryna goşuldy.
Portuň ýük kabul ediş mümkinçiliklerini artdyrmak we iş netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, şu ýyl bu ýerde üç sany uly, täze gämi duralgalary işe girizildi.
Soňky ýyllarda Ýanpu portunda düýpli özgerişlikler geçirildi. Öňler uzakda ýerleşen bu portuň konteýnerleri kabul ediş mümkinçilikleri çäkli bolandygy sebäpli, bu ýerde diňe ýurduň içerki söwdasyna degişli ýük konteýnerleri kabul edilýärdi. Indi bolsa bu port dünýädäki gämi gatnawlarynyň möhüm bölegine öwrüldi. Häzirki wagtda portuň gämi gatnaw ugurlary Günorta-Gündogar Aziýa, Orta Gündogar we “Bir guşak, bir ýol” başlangyjyna gatnaşýan beýleki ýurtlaryň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny ösdürmeklige mümkinçilik berýär.
Haýnanyň Erkin söwda porty işe girizilenden soň, Ýanpu porty “tarifsiz” syýasatynyň höweslendiriji çärelerinden peýdalanyp, mümkinçiligini giňeltdi we gümrük amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrdy. Bu bolsa portuň Hytaý bilen dünýä bazarlaryny baglanyşdyrýan möhüm geçelge hökmünde ornuny has-da berkitdi.
Hepdäniň penşenbe güni Haýnanyň Erkin söwda portunda, ýagny tutýan meýdany boýunça dünýäniň iň uly erkin söwda portunda, tutuş ada hyzmat ediş ýörite gümrük amallary işe girizildi. Bu öňegidişlik daşary ýurt harytlarynyň kabul edilişini ýeňilleşdirmek bilen, “tarifsiz” harytlaryň sanawyny giňeldýär we işewürlik üçin has amatly şertleri döredýär.







