“ByteDance” kompaniýasy “TikTok” goşundysynyň ABŞ-daky işlerini satmak barada ylalaşyk baglaşdy

Dekabr 22, 2025 | 19:20 |172
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Gysga wideo mazmunlaryny döredýän adybelli “TikTok” goşundysynyň eýesi bolan Hytaýyň “ByteDance” atly iri tehnologiýa kompaniýasy, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda ýerleşýän gymmatlyklarynyň köpüsini satmak hem-de esasan ABŞ-nyň maýadarlaryndan ybarat bolan topar bilen bilelikdäki kärhanany döretmek boýunça borçlandyrýan ylalaşyklary baglaşdy. Bu barada “TikTok” goşundysynyň baş direktory Şou Zi Çýu penşenbe güni işgärlere iberen hatynda mälim etdi. Bu geleşik Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň hökümeti tarapyndan girizilip bilnäýjek gadagançylygyň öňüni almak ugrunda möhüm ädimdir.

Gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda, “ByteDance” kompaniýasy eýeçiligiň 19.9 göterimini özünde saklap galar. ABŞ-nyň “Oracle” bulut hasaplaýyş kompaniýasy, “Silver Lake” hususy paýdarçylyk gaznasy hem-de Abu-Dabi şäherinde ýerleşýän MGX maýa goýum kompaniýasy, hersi eýeçiligiň 15 göterim paýyna eýe bolar. Galan 30.1 göterim paý “ByteDance” kompaniýasynyň häzirki maýadarlaryna dahylly bölümlere degişli bolar.


“TikTok” goşundysynyň satylmadyk ýagdaýynda onuň işini togtatmaklygy talap edýän kanunyň ýerine ýetirilmegini yza süýşürmek barada ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň sentýabr aýyndaky görkezmesinden soň bu geleşige gol çekildi. Gol çekilen geleşik 2026-njy ýylyň 22-nji ýanwaryna çenli doly görnüşde tamamlanmasa-da, ABŞ-da 170 milliondan gowrak ulanyjysy bolan “TikTok” goşundysynyň ýurduň çäginde işini dowam etdirmegine mümkinçilik berer.

ABŞ-nyň öňki Prezidenti Jo Baýdeniň döwründe, 2024-nji ýylyň aprel aýynda ABŞ-nyň Kongresi milli howpsuzlyk bilen bagly sebäpleriň esasynda “TikTok” goşundysynyň satylmagyny ýa-da gadagan edilmegini göz öňünde tutýan kanuny kabul edipdi. Kanun şu ýylyň 20-nji ýanwarynda güýje girmelidi, emma eýeçiligi geçirmek boýunça gepleşikleriň dowam etdirilmegi sebäpli Prezident Tramp tarapyndan birnäçe gezek yza süýşürildi.

Beýleki habarlar