Hytaýda ilkinji gezek sürüjisiz öz-özüni dolandyrýan awtoulaga döwlet belgisi berildi

Hepdäniň şenbe güni Hytaýyň günorta-günbatarynda ýerleşýän Çunsin şäherinde sürüjisiz öz-özüni dolandyrýan awtoulaga (L3) ilkinji resmi döwlet belgisi berildi. Bu bolsa awtoulagy sürmekligiň öňdebaryjy tehnologiýalaryny synag etmekden, indi resmi ýagdaýda olara ýola çykmaga rugsat berilýändigidir.
Şäheriň Jemgyýetçilik howpsuzlygy we ýol-ulag hereketlerini dolandyryş edarasy tarapyndan Hytaýyň Changan Automobile awtoulaglary öndüriji kompaniýasynyň awtoulagyna “Yu-AD0001Z” belgili döwlet belgisi berildi.
Geçen hepde Senagat we maglumatlar tehnologiýalary ministrligi iki sany sürüjisiz öz-özüni dolandyrýan awtoulaga – Changan Automobile kompaniýasynyň hem-de BAIC Motor kompaniýasynyň “Arcfox” atly awtoulaglaryna Çunsin we Pekin şäherleriniň belli bir köçelerine çykmaga resmi rugsat berdi.
Awtoulagy dolandyrmagyň 2-nji derejesinden 3-nji derejä geçiş – awtoulagy sürüjiniň sähel kömegi bilen sürmekden doly awtomatlaşdyrylan usulda sürüşe geçmegiň möhüm tapgyry hasaplanýar. “Şertli awtomatlaşdyrylan sürüş” hökmünde tanalýan L3 derejesi, awtoulagyň sürüjisiz öz-özüni dolandyrmaklygyna mümkinçilik berýär, şol bir wagtyň özünde hem, zerur halatlarda, sürüjiniň awtoulag dolandyryşyny öz eline almaga taýýar bolmagyny talap edýär.
Häzirki wagtda Changan Automobile kompaniýasynyň awtoulagy sürüjisiz dolandyryş ulgamy Çunsin şäheriniň 5 million kilometrden gowrak hakyky ýol şertlerinde synagdan geçirildi.







