“Geljegiň Oýunlary–2025” atly robotlaryň bäsleşiginde Hytaýyň topary ýeňiş gazandy

Dekabr 22, 2025 | 19:20 |85
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde penşenbe güni badalga alan “Geljegiň Oýunlary–2025” atly robotlaryň bäsleşiginde Hytaýyň “Robotlaryň söweşi” topary ýeňiji boldy.


Robotlaryň arasyndaky 11 sany bäsleşigiň biri bolan “Robotlaryň söweşi” bäsleşigine, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Russiýa, Belarus, Hindistan ýurtlaryndan jemi 16 sany topar gatnaşdy.


“Bu aldym-berdimli bäsleşikde üstün çykmak üçin, hem-de robotlarda ýüze çykyp biläýjek näsazlyklaryň öňüni almak maksady bilen, robotlara tok güýjüniň birden ýokarlanmagynyň öňüni alýan tehniki täzelenmeler girizildi. Şeýle ýagdaýlar bäsleşik wagtynda ýygy-ýygydan ýüze çykyp, robotlara uly zeper ýetirip bilýär” diýip, toparyň ýolbaşçysy Çi Wenjie düşündirdi.


“Robotlaryň söweşýän ýagdaýynda köplenç rotorlaryň petiklenmegi bolup geçýär, bu bolsa tok akymynyň birden ýokarlanmagyna we enjamlaryň zaýalanmagyna sebäp bolýar. Muny çözmek üçin biz üpjün edijilerimiz bilen bilelikde tok akymynyň birden ýokarlanmagynyň dessine öňüni alýan algoritmi işläp düzdük. Robot petiklenmä uçranda ýa-da oňa artykmaç agram berlende, bu algoritm tutuş elektrik zynjyrynyň näsaz işlemeginiň öňüni alýar,” diýip Çi Wenjie aýtdy.


Şeýle-de zeper ýeten ýagdaýynda roboty gysga wagtda abatlamak üçin topar özüniň modul görnüşli çözgüdini ulandy.


“Robotyň işleýän gurşawy örän kyn bolup, garşydaşy bilen söweş edýän wagtynda oňa zyýan ýetmek howpy ýokarydyr. Şonuň üçin içki böleklerini modul görnüşinde düzüp, zerur ýagdaýlarda olary has tiz çalşyp bilýäris,” diýip topar ýolbaşçysy belledi.

Beýleki habarlar