Ysmaz keseline uçran adam öz pikirleri arkaly tigirli oturgyjyny we robot itini dolandyrýar

Dekabr 22, 2025 | 19:15 |89
CCTV logo
Çeşme: cctv.com


Golaýda Şanhaýda geçirilen “beýni-kompýuter interfeýsiniň” synagynda, ysmaz keseline uçran adam öz pikirleri arkaly tigirli oturgyjyny we robot itini dolandyrmagy başardy. Hytaýly alymlaryň pikiriçe, bu üstünlik täze tehnologiýada uly öňegidişlikdir.

Agzalan synag 2022-nji ýylda oňurga ýiligine şikes ýeten orta ýaşly bir adamda geçirildi. Bir ýyldan gowrak saglygyny dikeldiş synanyşyklara garamazdan, oňa diňe boýnuny we kellesini çala hereketlendirmek başartdy.

Hytaýly alymlar 2025-nji ýylyň iýun aýynda onuň bedenine beýni-kompýuter interfeýsi ulgamyny ornaşdyrdylar. Iki we üç hepde aralygynda geçirilen türgenleşikden soň, näsag öz pikirleri arkaly kompýuteriň kursoryny we planşeti ulanyp bildi. Bu bolsa toparyň ilkinji synagynyň netijelerine laýyk geldi.

Bu gezek alymlar ulgamy iki ölçegli ekran dolandyryşyndan üç ölçegli özara gatnaşyga çenli giňeltdiler. Bu bolsa, näsagyň tigirli oturgyjyny we robot iti çalt dolandyrmaga mümkinçilik berdi.

“Robot iti näsagyň öz bedeniniň bir bölegi hökmünde bolup, ol “it” akylly kömekçi hökmünde aşak düşüp, harytlary getirmäge kömek edip biler. Şeýle hem, ol pikirleri bilen tigirli oturgyjyny dolandyryp, daşaryk gezelenje çykyp biler. Bu onuň gündelik durmuşyny gowy ýeňilleşdirdi” diýip, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Beýni ylymlary we akylly tehnologiýalary boýunça Merkeziniň ylmy işgäri Çžao Çžentuo belledi.

“Bu biziň beýni-kompýuter interfeýs ulgamymyz bolup durýar. Ol iki bölekden ybaratdyr. Öň tarapdaky sensor örän inçe süýüm ýaly bolup, adam saçynyň ýüzden bir bölegine deňdir. Ol beýnä bäşden sekiz millimetrlik aralygyndaky bölek ornaşdyrylýar. Enjam süňk üç we bäş millimeter aralygynda inçeldilenden soňra kelle çanagyna ýerleşdirilýär. Umuman aýdanymyzda, bu pes derejede inwaziw işdir” diýip, Çžao habar berdi.

Beýni-kompýuter interfeýsi oturdylandan soňra, näsagda öz pikirlerini ulanmak mümkinçiligi döreýär.

“Näsag el-aýaklaryny hakykatda hereketlendirip bilmese-de, bilegini aýlamak ýaly hereketleri göz öňüne getirip bilýär. Biz onuň hyýallaryny daşarky enjamlara baglaýarys. Bu enjamy bedenine ornaşdyrmak we ony öz bedeniniň bir bölegi hökmünde görmek ýalydyr” diýip, Çžao belledi.

Tizlik tehnologiýanyň möhüm bölegidir. Topar aragatnaşyk protokollaryny düzgünleşdirmek arkaly nerw signalyny almakdan başlap, daşarky enjamlar tarapyndan berlen buýruklaryň ýerine ýetirilmegine çenli gerek bolan wagt bedeniň tebigy nerw gijikmesinden has az sarp edilip, 100 millisekuntdan hem aşak düşürmäni başardy. Bu bolsa üznüksiz gözegçilik tejribesini döredýär.

Häzirki wagtda, inwaziw beýni-kompýuter interfeýsleri lukmançylyk maksatly ulanylyşa gönükdirilip, onlarça synaglar tamamlandy. Hytaý ýakyn geljekde ýörite zerurlyklary bolan adamlar üçin uly möçberli beýni-kompýuter interfeýsler ulanylyşlaryny höweslendirmegi umyt edýär.

"Geljekde, dil we beýnidäki beýleki meýilleri anyklaýan has köp enjamlar bolar. Biz içki beýni maglumatlaryny daşarky enjamlar arkaly beýan etmegiň has kämil usullaryny tapyp bileris", diýip Beýni Ylymlary we Akylly Tehnologiýalary boýunça Merkeziniň ylmy direktory we şeýle hem Hytaý Ylymlar Akademiýasynyň alymy Pu Muming.

Beýleki habarlar