Sanly tehnologiýa Hytaý edebiýatyny dünýä okyjylaryna elýeterli edýär

Dekabr 22, 2025 | 19:15 |79
CCTV logo
Çeşme: cctv.com



Hytaýyň edebiýaty emeli intellektiň terjimeleri we multimediýa önümleri görnüşinde sanly tehnologiýalar arkaly dünýä okyjylaryna elýeterli boldy. WebNovel ýaly öňdebaryjy internet meýdançalary dünýä ýüzünde gerimini giňeltdiler, 2025-nji ýylda emeli intellektiň kömegi bilen 10 müňden gowrak eserler terjime edildi. Dürli dillerde neşir edilen edilen eserleriň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende 3.5 esse artdy. Emeli intellektiň kömegi bilen terjime edilen eserleriň möçberi 300 göterim töweregi ýokarlandy. Emelei intellektiň iş öndürijiligi 100 esse artyp, çykdajylary bolsa 90 göterim azaldy.


«Hytaýyň Onlaýn Edebiýaty» atly 2024-nji ýylyň gök kitabyna salgylansaň, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Hytaýyň edebiýatyny internet üsti bilen okaýanlaryň sany 575 milliona ýetip, olar interneti ulanyjylarynyň 51.9 göterimini düzdi. Daşary ýurtlardaky okyjylaryň sany 200 milliona ýetdi, şol sanda 30 million sany täze ulanyjylar hasaba alyndy. Şol döwürde daşary ýurt bazaryndan alnan girdeji 4 milliard 815 milion ýuana (674 million ABŞ dollaryna) ýetip, geçen ýyl bilen deňeşdirilende 10.68 göterim artdy.


Hytaýyň onlaýn edebiýaty häzirki wagtda ýazuw görnüşindäki eserler bilen birlikde, audiokitaplary, komiksleri we animasiýalary öz içine alýan kämil halkara ekoulgamyna öwrüldi. “Bu pudak indi diňe ýönekeý tekstleri döretmek bilen çäklenmän, häzirki wagtda terjimeçiligi, intellektual eýeçiligi döretmekligi hem-de ýerli hyzmatdaşlyk arkaly bilelikdäki döredijiligi öz içine alýan giň halkara ösüş modeline geçdi” diýip, Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Jemgyýetçilik ylymlary institutynyň onlaýn edebiýat boýunça ylmy-barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary Tan Siao aýtdy.

Beýleki habarlar